Ynsanyň köňül nagşy

4 Dekabr 2024
258

Magtymguly Pyragy pelsepewi döredijilik dünýäsi bilen üç asyrdan bäri durmuşymyza çuňňur many, kalbymyza öçmejek nur, ýolumyza ýagty şöhle çaýýar. Gahryman Arkadagymyzyň «Hakyda göwheri» atly ýene bir dürdäne kitabyny akyldar şahyrymyzyň doglan gününiň 300 ýyllygyny dünýä derejesinde uludan belleýän günlerimizde halkymyza sowgat etmegi şatlygymyzy goşalandyryp, gursagymyza guwanç hem buýsanç duýgularyny eçildi.

Gahryman Arkadagymyzyň belleýşi ýaly, täze kitapda Magtymguly Pyragynyň döreden eserleriniň adamzat gymmatlyklaryna ýetiren täsiri, şöhratly taryhymyzyň beýany, medeniýetimiziň dünýä siwilizasiýasyna goşan goşandy baradaky maglumatlar beýan edilýär. Halkymyzyň bütin taryhyň dowamynda döreden hem-de häzirki nesillere miras galdyran milli gymmatlyklary, şan-şöhratly ýoly, beýik şahsyýetleri hakdaky her bir maglumat, söhbet hem-de eser köpçüligiň ünsüni özüne çekýär. Şularyň ählisini özünde jemleýän kitap Gahryman Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan syzylyp çykan ähli eserleri ýaly, terbiýeçilik taýdan uly ähmiýete eýe bolar. Gahryman Arkadagymyz «Ynsan kalbynyň öçmejek nury» atly eserinde: «Ynsanperwerligiň, watansöýüjiligiň, ruhubelentligiň, bitewüligiň, agzybirligiň aýdymy bolup ýaňlanýan Magtymguly Pyragynyň şygyrlary her bir ynsanyň köňül nagşydyr» diýmek bilen, geçmiş mirasymyzy öwrenmekde, ýaş nesli terbiýelemekde, häzirkizaman türkmen edebiýat ylmynyň, milli filosofiýanyň many-mazmunynyň çuňlaşmagyna ägirt uly goşant goşan nusgawy şahyrymyzyň döredijiligine beýik baha berýär. Şundan ugur alnyp, üstümizdäki ýylyň şygarynyň Magtymguly Pyragynyň ady bilen baglanyşdyrylmagy, Köpetdagyň eteginde onuň ägirt uly heýkeliniň gurulmagy, ömür-döredijiligine bagyşlanan täze-täze eserleriň, kitaplaryň çap edilmegi çeper söz ussadynyň pähim-paýhasyna häzirki döwrüň nesilleri tarapyndan uly sarpa goýulýandygynyň aýdyň nyşanydyr.

Raima BABAŞOWA,
Çärjew etrabyndaky 42-nji orta mekdebiň mugallymy, ilkinji zenanlar guramasynyň agzasy.