Bulary bilmek gyzykly

26 Noýabr 2024
289

«Bäş öwüşginli» çeşme

Özüniň owadan görnüşi hem-de tebigy dünýäsi bilen haýrana goýýan Kanýo Kristales ýa-da ýerli halkyň aýdyşy ýaly, «bäş öwüşginli» çeşme ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizildi. Guşuçar belentlikden seredeniňde, bu çeşme akyp barýan älemgoşary ýatladýar. Gyzyl, sary, ýaşyl, mele, narynç, goýy gyzyl, gyrmyzy öwüşginlerde öwüsýän çeşme, hakykatdan-da, reňkleriň sazlaşygyny emele getirýär. Bu köpdürli öwüşgini çeşmä suwda ösýän ösümlikler hem-de «macarenia clavígera» atly endemik suwoty berýär. Möwsümleriň üýtgemegi bilen çeşmäniň suwunyň öwüşgini-de üýtgeýär. Ýagny bu üýtgeşmeler suwotularyň güllemegi hem-de soňra solmagy bilen baglydyr.

Internet maglumatlary esasynda taýýarlan Baba REJEBOW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby.