Güjüm agajy

4 Ýanwar 2021
2914

Türkmen halky tebigatyň gelşigi hem ýaraşygy bolan ösümlik dünýäsine aýratyn ähmiýet berip gelen halkdyr. Dana pederlerimiz her bir ynsan üçin agaç nahallaryny ösdürip ýetişdirmegiň sogap hem parz işdigini ündäp gelipdirler.

Türkmen halkynyň nusgawy edebiýatynyň wekilleriniň eserlerinde, şonuň ýaly-da, asyrlar aşyp, nesilden-nesle, dilden-dile geçip, sünnälenip hem timarlanyp şu güne çenli gelip ýeten halk döredijiliginde Beýik Ýüpek ýolunyň çatrygynda ýerleşen türkmen ýurdunyň boz, bereketli topragynda ösdürilip ýetişdirilen saýaly hem miweli baglaryň waspy ýokary çeperçilik derejesinde beýanyny tapypdyr.

Muhammetmyrat HOJAMUHAMMEDOW,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň Agroekologiýa fakultetiniň mugallymy.