Bagy-bossan mekanym

20 Noýabr 2024
264

Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzyň ähli ýerleriniň, şol sanda gözel paýtagtymyzyň arassa ekologiýa gurşawynyň döredilmegine gönükdirilen möhüm işler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Ýakynda, has takygy, 9-njy noýabrda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň gatnaşmagynda ata Watanymyzda geçirilen ählihalk bag ekmek dabarasy hem bu ugurda alnyp barylýan maksatnamalaryň möhüm düzüm bölegidir. Şol gün welaýatlarymyzda, Aşgabat we Arkadag şäherlerinde agaç nahallarynyň müňlerçe düýbi oturdyldy.

Her ýylyň ýaz we güýz aýlarynda geçirilmegi asylly däbe öwrülen bag ekmek dabarasynyň netijesinde paýtagtymyz gür baglyga beslenýär, tokaý zolaklarynyň çägi barha giňeýär. Ýaşyl tebigy gurşaw Aşgabadyň ak mermere beslenen ajaýyp keşbi bilen kämil sazlaşygy emele getirmekden ötri, şäher ilatynyň sagdyn ýaşaýşyny üpjün etmekde hem ähmiýetli orun eýeleýär. Gyşyn-ýazyn gök öwsüp oturan paýtagtymyzyň tebigaty oňa seýle çykan her bir adama ajaýyp duýgulary bagyş edýär, ylham eçilýär. Şeýle eşretli zamanada, dünýäniň ösen we ýaşamak üçin has amatly şäherleridir obalarynda zähmet çekmek, ýaşamak bagt.

Gülşat SERDAROWA,
Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň hünärmeni.