Düýedarçylyk — bereket çeşmesi

13 Noýabr 2024
285

Türkmen halky düýedarçylyk bilen örän irki döwürlerden bäri meşgullanyp gelýär. Bu gadymy hünär biziň günlerimizde-de döwrebap derejede dowam etdirilýär. Düýedarçylygyň ösdürilmegine döwlet tarapyndan berilýän goldawlaryň netijesinde Garagumuň giň sährasynda bu «çöl gämileriniň» sürüleri ýylsaýyn köpelýär. Düýeleri idetmekde we olaryň sanyny köpeltmekde Çärjew etrabynyň Hudaýnazar Hajyýew adyndaky daýhan birleşiginiň düýedarçylyk hojalygynda hem gaýragoýulmasyz işler durmuşa geçirilýär. Hojalygyň Garagum sährasyndaky «Goşaýry», «Sanaçly», «Aşyrabat», «Böwrügyşyk» ýaly guýularynyň golaýynda ýerleşýän sarwanlaryň goşlarynda häzirki wagtda düýeleriň 700-den gowragy idedilýär.

Çopan goşlarynyň käbirlerine Gün batareýalary oturdylyp, şol goşlardaky sarwanlaryň elektrik energiýasyndan bökdençsiz peýdalanmaklaryna-da mümkinçilik döredilipdir. Galan goşlary hem şeýle döwrebap derejä ýetirmekde derwaýys işler alnyp barylýar. Ýene-de bir aýratyn nygtamaly ýagdaýlaryň biri hem bu goşlardaky sarwanlaryň aglabasynyň bir maşgalanyň agzalary bolmagydyr. Ýagny olar Mansur, Mimat, Narkuly Hojyýewler we Hojahmet Tölegbaýew dagydyr. Bu sarwanlaryň ählisi hem ata-baba kärini dowam etdirýän we düýe idetmekde baý tejribe toplan göreldeli çopanlaryň hatarynda tanalýar.

Bagtyýar DERKAROW,
Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň welaýat komitetiniň bölüm müdiri.