Ekin ýerleriniň gadymy atlary

12 Noýabr 2024
265

Çagat — gadymy sözleýiş medeniýetimizde ekişe ýaramsyz, daşly, çagylly, çägeli, şor ýa-da tekiz däl diýen manyny aňladýar. Şeýle ýerlere çagat ýer, çagan ýer, käbir şiwelerde çagşak ýer hem diýilýär. Alymlaryň ylmy seljermelerine görä, çagan, çagat, çagşyk sözleri bir kökden döräpdir. Çagşak sözüni Mahmyt Kaşgarly «dagyň daşly, çagylly ýeri» manysynda ulanyp, oňa degişli «Çagşak üzre ot bolmaz» diýen nakyly mysal getiripdir.

Dilçi alym Soltanşa Atanyýazowyň sözlüginde çagat sözüniň «çagşyldy» diýen ses meňzetmesine ýakynrak sözden emele gelendigi nygtalýar. Käbir şiwelerde «çagat» diýlip, geçmesi kyn, ot-çöp bitmeýän daglyk ýerlere hem aýdylýar. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň dürli künjeklerinde çagat sözi bilen bagly ýer-ýurt atlary döräpdir. Mysal üçin, Daşoguz welaýatynyň Akdepe etrabynda meýdany 10 gektara barabar bolan köl, kölden gözbaş alýan zeýkeş, Lebap welaýatynyň Köýtendag etrabynyň Hojapil obasyndaky ýaýla Çagat diýlip atlandyrylýar. Mundan başga-da, Daşoguzdaky Çagat kölüniň kenaryndaky oba Çagatsaka, Balkan welaýatynyň Magtymguly etrabynyň Gerkez obasyndaky jülge Çagatlydere jülgesi diýlip atlandyrylýar.

Agamyrat BALTAÝEW,
Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň bölüm başlygy, taryh ylymlarynyň kandidaty.