Hasyl toýy dabaraly bellenilip geçildi

11 Noýabr 2024
288

Baýramçylyga bagyşlanyldy

Düýn ýurdumyzyň ähli ýerinde bolşy ýaly, biziň welaýatymyzda hem edermen babadaýhanlaryň yhlasly zähmetiniň şanyna Hasyl toýy dabaraly ýagdaýda bellenilip geçildi. Welaýatymyzdaky “Türkmeniň ak öýi” binasynyň ýanynda guralan baýramçylyk dabarasyna welaýat, şäher, etrap häkimlikleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň işgärleri, oba zähmetkeşleri, ýaşuly nesliň wekilleri, ýaş nesiller gatnaşdylar. Hasyl toýunyň giňden dabaralanýan meýdançasy bolan “Türkmeniň ak öýi” binasynyň daş-töweregi baýramçylyk gününde has ajaýyp, owadan görnüşde görünýär. Ak öýüň ýanynda bereketli topragymyzdan alynýan gök önümleriň, bakja ekinleriniň sergisiniň guralmagy, milli tagamlaryň taýýarlanylmagy dabara gatnaşyjylarda ýakymly täsir galdyrdy. Pälwanlaryň göreş tutmagy hem diýseň gyzykly boldy. Gülläp ösýän ýurdumyzy, hormatly Prezidentimiziň oba hojalygyndaky özgertmelerini, babadaýhanlaryň yhlasly zähmetini wasp edýän aýdym-sazlar, folklor çykyşlar bu ýere gelenleriň ruhuny göterdi.