Sebitleýin maslahata taýýarlyk

7 Noýabr 2024
311

Düýn Birleşen Milletler Guramasynyň Aşgabatdaky wekilhanasynda 8-nji noýabrda paýtagtymyzda geçiriljek Merkezi Aziýada raýatsyzlygyň soňuna çykmak boýunça ministrler derejesindäki sebitleýin maslahata bagyşlanan brifing boldy. BMG-niň Bosgunlaryň işi baradaky Ýokary komissarynyň müdirliginiň (UNHCR) wekilleri tarapyndan guralan çärä daşary ýurtlaryň Türkmenistanda akkreditirlenen köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri we türkmen žurnalistleri gatnaşdylar.

Brifingde BMG-niň Bosgunlaryň işi baradaky Ýokary komissarynyň Merkezi Aziýada hukuk meseleleri boýunça geňeşçileri R.Saýdumarowa hem-de B.Oşakbaýewa, halkara gatnaşyklar boýunça geňeşçisi M.Holl we beýlekiler çykyş etdiler. Hünärmenler soňky 10 ýylyň dowamynda Merkezi Aziýada, aýratyn-da, Türkmenistanda raýatsyzlygyň soňuna çykmak boýunça uly ösüşleriň gazanylandygyny bellediler. Maglumatlara görä, dünýäde raýatlygy bolmadyk hem-de raýatlygy belli däl şahslaryň sany 4,4 milliona ýetýär. BMG tarapyndan bu ugurda netijeli çäreleri amala aşyrmak üçin dürli maksatnamalar kabul edildi. Şunda 2014-nji ýylyň noýabrynda BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan ýola goýlan «I Belong» atly taslama uly orun degişlidir. 10 ýyla niýetlenen bu çäreler toplumynyň maksady raýatsyzlyk bilen bagly meseleleriň ýüze çykmagynyň öňüni almakdan ybaratdyr. Türkmenistan bu taslama ilkinjileriň hatarynda gatnaşdy. Biziň ýurdumyz raýatsyzlygyň soňuna çykmakda dünýäde öňdebaryjy döwlet bolup, Merkezi Aziýada şu ýyl badalga berlen raýatsyzlygyň soňuna çykmak boýunça Täze ählumumy alýans başlangyjyna hem ilkinji bolup goşuldy. Şunuň bilen baglylykda, UNHCR-nyň wekilleri guramanyň bu babatda durmuşa geçirýän taslamalarynda Türkmenistanyň örän işjeňlik görkezýändigini aýratyn nygtap, anyk maglumatlary mysal getirdiler.

(Ýörite habarçymyz).