Tawus guşy — gözellik nusgasy

6 Noýabr 2024
349

Bu guşlar uzynlygy 1,5 metre çenli ýetýän ýelpewaç şekilli guýruklary bilen beýleki guşlardan tapawutlanýarlar. Göz gamaşdyryjy derejede owadan guýruklary bolsa olaryň diňe horazlarynda bolýar. Olar sülgünler maşgalasyna degişlidir.

Dünýäde tawuslaryň üç sany esasy görnüşi duşýar. Olar hersiniň özboluşly aýratynlyklary bolan hindi, ýaşyl (ýa-da Ýawan) we Kongelez tawuslarydyr. Ýeri gelende, hindi tawusynyň Hindistanyň milli guşy hasaplanylýandygy-da bellärliklidir. Tawusyň guýrugynda her ýyl täzelenip durýan ýelekleriň 200-e golaýy bolýar. Şol ýelekleriň 170-den gowragy göz şekilinde bolýar. Şol sebäpli olar «göz ýelegi» diýlip atlandyrylýar. Ýelekleriň galan bölegi bolsa owadan çyzgylardan ybaratdyr.

Şaniýaz MEŇLIÝEW,
Köýtendag döwlet tebigy goraghanasynyň ylmy bölüminiň başlygy.