Baky bagtyň güwäsi

30 Oktýabr 2024
286

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň döwletli başlangyçlaryny üstünliklere besleýän Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda gazanylýan üstünliklerde dünýäniň iň iri bileleşigi tarapyndan iki gezek ykrar edilen hemişelik Bitaraplygymyz möhüm orny eýeleýär. Baky Bitaraplygymyz ýurdumyzyň özbaşdaklygyny pugtalandyrmagyň, okgunly durmuş-ykdysady ösüşiniň kepiline öwrüldi. Bu syýasy-hukuk derejäniň eziz Diýarymyzyň hoşniýetlilik, dost-doganlyk ýaly ynsanperwer ýörelgelere daýanýan köpugurly daşary syýasat ugruny üstünlikli durmuşa geçirmegiň mizemez binýadyny kemala getirip, işjeň parahatçylyk dörediji syýasaty alyp barmaga giň şert-mümkinçilikleri döredendigini hem nygtamak gerek. Täze taryhy eýýamda sebitde ähli taraplaýyn parahatçylygy berkidip, dost-doganlyga daýanýan özara bähbitli ykdysady, syýasy, medeni gatnaşyklary ösdürmekde ýetilýän sepgitleri, gazanylýan üstünlikleri muňa aýdyň subutnama hökmünde mysal getirip bolar.

Geljek ýylda hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllyk taryhy senesi giňden bellenip geçiler. BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynyň 63-nji plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen «2025-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly kararnama kabul edildi. Munuň özi ýurdumyzyň ýokary halkara abraýynyň, oňyn bitaraplyk ýörelgelerine, parahatçylyk söýüjilige, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryna daýanýan daşary syýasat ugrunyň netijelidiginiň, tutuş dünýäde ykrar edilýändiginiň tassyknamasydyr. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisinde hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllyk baýramyny ajaýyp wakalar, uly üstünlikler bilen garşylamaga häzirden düýpli taýýarlyk görmegi baş wezipeleriň biri hökmünde kesgitlemegi Bitaraplyk hukuk derejämize bolan buýsanjymyzy has-da artdyrdy.

Arslan BAÝJANOW,
Türkmenbaşy etrap döwlet notarial edarasynyň döwlet notariusy, 1-nji derejeli ýurist.