MEN GEÇEN GÜÝZDE BAŞGADYM...

1 Oktýabr 2024
393

Men geçen güýzem beýle däldim. Pikirlerim telper, duýgularym ýöntemdi. Bu güýzde bolsa, men hut çalşylan ýaly. Kalbyma nähilidir bir asudalyk aralaşyp, beýnim rahatlanypdyr. Hemişekim ýaly, içimde düşnüksiz howlukmaçlygam ýok. Ähli zada özümçe paýhas bilen garaýan. Elbetde, öňki halamaýan zatlaryma söýgi döränok, ýöne ýigrenjimem hetden aşyp baranok. Şeýlemi? Şeýle. Dälmi? Däl.

Sähel öňki özüme dönjek bolsamam, güýz dadyma ýetişýär. Ol «Ýo-ok, beýle etmek asla gerek däl...» diýen manyda pyşyrdap goýberýär welin, ol pyşyrdynyň badyna baglaram «Ýok-ýok! Ýok-ýok!» diýip başlaryny iki-ýana yraberýärler. Men güýzüň maňa bu gezekki beýle hamraklygyny nämä ýorjagymy bilemok. Ýa ol meniň özüni ilkinji gezek kakasyz garşylaýanym üçin dözmezçilik edýärmikä? Şeýledir. Güýz şeýdip, meniň agyryly ýüregime üç aýlyk hem bolsa melhem ýapjak bolýandyr...

Aýgül Garaýewa
şahyr.