Söýýän güýz paslyny — sarylygyny...

5 Sentýabr 2024
819

Ozalam bir bagşynyň «Söýgim galdy güýzlerde» diýip aýdym aýdyşy ýaly, güýz hemmeleriň duýgusyna täsir edýän pasyllaryň biri. Aleksandr Sergeýewiç Puşkiniň: «Her güýzde täzeden gülleýärin» diýşi ýaly, deň-duşlarymyz bilen söhbetdeş bolan mahalymyz, güýz hakda gürrüň edilse, güýz pasly gelse gussa batýandyklaryny, käbirleri bolsa bu aýda işleriniň köpelýändigini, döredijilik adamlary bolsa ylhamlarynyň joşýandygyny aýdýarlar. Güýz üýtgeşik pasyl. Güýz paslynyň üýtgeşik gözelliginiň ýazyjy-şahyrlara, nakgaşlara aýratyn döredijilik ylhamyny bagyşlaýanyny güýz bilen bagly döredilen eserleriň köplüginde-de görýäris. Dünýäni sarylyga öwrüp gelýän güýz döredijilik üçin duýgularyň giden ummanyny, ony wasp etmäge reňkleriň hem baý dünýäsini açýar. Güýzde şahyrlaryň döwet galamlaryndan şahyrana, inçe lirizime ýugrulan ajaýyp eserler döreýär.

Ol günler iň bagtly çagalyk ýyllarymyzdy. Güýz gelende howlymyzdaky işleriň köpelýändigine garamazdan, biz bagtlydyk. Güýzüň jana şypaly howasyndan dem alyp, datly miwelerdir bakja önümleriň şirinligindenem iýip doýup bilmezdik. «Güýzde ýapraklar gaçanokda, uçýarlar» diýýän dana mamla. Agaçlardan saralyp gaçýan ýapraklar, ýere has golaýlaşýan bulutlar, tutuk asman — bularyň barysy bize indi günleriň gysgalyp, gijeleriň uzaljak günleriniň hem uzakda däldiginden habar berýärdi. Birdenem, asmany gara bulut gaplap, güýz ýagmyry başlar, ýygnalyp ýetişmedik kädidir gawun pellerini, hasyly ýygnalyp, sarylyga öwrülip ýatan ekin meýdanlaryny suw-sile öwrerdi. Ejeler bolsa tamdyrlarynyň daşyndan aýlanyp, onuň üstüni ýapmak bilen bolardylar. Şeýdip, güýz ýagşy ýagyp keýpden çykardy. Bagtlysyň, sebäbi halkymyzda ýagmyr ýagsa, rysgal-bereket ýagýar diýlip düşünilerdi. Güýz pasly köňüllere soňlanmajak şatlyk, mähir-söýgi paýlaýar. Daş-töwerek gözelliklere çümýär.

Ogulgözel ŞAGULYÝEWA,
«Zenan kalby».