«Şägirt halypadan ozdurmasa...»

3 Iýul 2024
709

Türkmen halkynyň aýdym-saz sungatynyň taryhy kökleri gadymy döwürlerden gözbaş alýar. Muňa bu ugurda halypa-şägirtlik gatnaşyklarynyň mysalynda hem aýdyň göz ýetirmek mümkin. Şägirt ýetişdirmek halypanyň esasy borçlarynyň biri bolup, munuň üçin hiç hili muzd talap edilmändir. Isle aýdym-sazyň, isle senetçilik hünärleriniň inçe tilsimlerini öwrenmegi ýüregine düwen şägirt halypasynyň hyzmatynda durup, oňa ähli işlerde ýardam beripdir. Aýdym-saz ýaly keremli sungatyň abyny-tabyny ele alýança şägirdiň bar garamatyny halypa çekipdir.

Halypa bagşylar şägirdini toýda-tomguda ýany bilen alyp gider eken, birki ýola aýdym aýtdyryp, ile çykarar eken. Haçanda şägirdiniň kämil çykanyny aňan mahaly halypa oňa öz ak patasyny berip, özbaşdak aýdym aýtmaga, toý sowmaga ygtyýar berýär. Ak pata alan, halypa gören bagşy-sazandalaryň il içinde hormat-sarpasy hem uly bolupdyr. Atly-abraýly bagşylaryň diňe tälim beren şägirdine däl, eýsem, ýaş bagşynyň aýdym aýdyş, saz çalyş ussatlygyna göwni ýeten mahaly hem ak pata beren gezekleri bolupdyr. Halypa şägirdine pata bermek arkaly oňa ýagşy doga-dileg edipdir, ak ýol arzuwlapdyr, durmuşda, sungatda öz ýoluny tapmagy üçin öwüt-ündew beripdir. Çünki halypa bu babatda öz ýoluny dowam etdirjek, pirli sungata ikilik etmejek ýaş zehini ýetişdirmek bilen birlikde, onuň ile gerekli ynsan bolmagy üçin alada edýär. Ine, şunda hem halypa-şägirtlik ýörelgesiniň ynsanperwerlik jähtleri şöhlelenýär.

Orazdurdy BAÝRAMDURDYÝEW,
TOHI-niň mugallymy.