Gymmaty egsilmejek eserler

3 Aprel 2024
886

Ata Watanymyzyň röwşen geljegi bolan ýaş nesliň edep-terbiýeli, ylym-bilimli, kämil şahsyýet hökmünde kemala gelmegi üçin uly aladalar edilýär. Ýaşlary watansöýüjilik we ynsanperwerlik ruhunda terbiýelemekde, olarda ata Watana, halka, mukaddesliklere, asylly däp-dessurlarymyza, milli gymmatlyklarymyza belent söýgi döretmekde Gahryman Arkadagymyzyň jöwher paýhasyndan dörän ajaýyp eserleriniň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň kitaplarynyň ähmiýeti örän uludyr. Bu kitaplar nesil terbiýesi baradaky manyly, parasatly pikirlere ýugrulan jümlelere örän baý bolmak bilen, adamyň ruhy dünýäsini, dilini baýlaşdyrýan we kämilleşdirýän, durmuş meselesine giňişleýin jogap berýän, dogry ýola ugrukdyrýan bahasyna ýetip bolmajak gymmatlyklardyr.

Gahryman Arkadagymyzyň kitaplary taryhy we ylmyň beýleki ugurlaryna degişli hem-de milli gymmatlyklarymyz baradaky maglumatlary, asyrlar aşyp, biziň günlerimize gelip ýeten rowaýatlary, pähim-paýhaslary özünde jemlemek bilen, ruhy dünýämizi baýlaşdyrýan terbiýe mekdebidir. Hormatly Prezidentimiziň kitaplarynda Watanyňy söýmek, oňa wepaly bolmak, ýurdumyzyň bedew batly ösüşlerine öz mynasyp goşandyňy goşmak, gadymy taryhymyz, medeniýetimiz hakynda gymmatly pikir-garaýyşlar beýan edilýär.

Züleýha Töräýewa,
«Türkmennebit» döwlet konserniniň Balkanabat nebitçilik orta hünär okuw mekdebiniň mugallymy, ilkinji zenanlar guramasynyň işjeň agzasy.