Doganlyk halkda akyldara belent sarpa

28 Fewral 2024
465

Magtymguly Pyragy halkymyzyň milli şahyry bolmak bilen çäklenmän, ol «Ýer ýüzüniň hem şahyrydyr» diýsek, öte geçdigimiz bolmaz. Çünki akyldaryň «adamkärçilik» diýlen belent duýga çagyrýan goşgularynyň muşdagy zemin üstünde ýeterlik. Onuň döredijiliginiň üstünden ýüzýyllyklar geçse-de, adamkärçilige, ynsanperwerlige çagyryşlary şu gün hem zer dänesi ýaly gymmatly. Şonuň üçinem ol umumadamzat şahyry hasaplanýar.

Üstümizdäki ýylyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» diýlip atlandyrylmagy ýurdumyzda akyldara goýulýan belent sarpadan nyşan bolsa, TÜRKSOÝ-nyň 2024-nji ýyly «Türki dünýäsiniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly» diýip ykrar etmegi, akyldaryň doglan gününiň 300 ýyllygynyň 2024-2025-nji ýyllarda ÝUNESKO bilen bilelikde bellenip geçilýän şanly seneleriň sanawyna goşulmagy hem-de onuň golýazmalar toplumynyň ÝUNESKO-nyň «Dünýäniň hakydasy» maksatnamasynyň halkara sanawyna girizilmegi dünýäde ykrar edilýändiginiň subutnamasydyr.

(Ýörite habarçymyz).