Şöhratly taryhymyzda ylmy eserler

4 Fewral 2024
1474

Türkmeniň medeni mirasyny öwrenip, taryhyň müňýyllyklaryna uzap gidýän köklerini yzarlanyňda, türkmen medeniýetiniň, edebiýatynyň, sungatynyň dürli ugurlarynyň ir döwürlerde gülläp ösendigine göz ýetirýärsiň.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe halkymyzyň milli mirasyny ylmy esasda öwrenmek we dünýä ýaýmak babatda alnyp barylýan giň gerimli işleriň netijesinde bu ugurda uly mümkinçilikler döredilýär. Bu ugurda ajaýyp eserleri döreden türkmen söz ussady Abdylla Mübäregiň ömri we döredijiligi barada durup geçmegi we onuň ynsanperwer taglymatlarynyň XI-XII asyrlaryň sepgidinde ýaşap geçen meşhur akyldar-sopy Muhammet Gazalynyň «Ylym barada kitap» atly eserinde öz beýanyny tapyşy hakynda söhbet etmegi makul bildik.

Täjigül MYRADOWA,
TYA-nyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň kiçi ylmy işgäri.