"Güneş" žurnaly

Esaslandyryjysy: Türkmenistanyň Ministrler Kabineti
Salgysy: Aşgabat şäheri, Garaşsyzlyk şaýoly, 100, Türkmenbaşynyň erkin döredijilik mekany
Telefon belgileri: 38-61-68, 38-61-70, 38-61-59
Email: gunesh_tm@sanly.tm

Makalalar

Şöhratly taryhymyzyň beýany

«Kitap geçeni, geljegi öwredýän dana» diýlişi ýaly, kitap geçmiş taryha göz aýlamaga, ynsanyň jemgyýetdäki ornuna aň ýetirmäge, nurana geljegi gurmaga mümkinçilik döredýär. Ýakynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz agzybir halkymyza şan-şöhratly taryhymyz, geçmiş mirasymyz hakynda gymmatly kitaby sowgat etdi. Eziz Arkadagymyzyň her bir çuň mazmunly eserleri diňe şu gün üçin däl, eýsem, geljekki nesillerimiz üçin hem gymmatly hazynadyr. Halkymyzyň şöhratly taryhyny, gadymy mirasyny açyp görkezmekde gymmatly ylmy garaýyşlary özünde jemleýän Milli Liderimiziň «Hakyda göwheri» atly täze kitaby «Taryha syýahat» hem-de «Ruhy miras» ýaly iki bapdan ybarat bolup, her bapda hem birnäçe bölümler ýerleşdirilipdir. Kitabyň ilkinji babynda Gahryman Arkadagymyz okyjyny söz mülküniň üsti bilen taryhyň syrly gatlaryna syýahata çagyrýar. Kitapda merdana halkymyzyň asyrlaryň dowamynda dünýä ösüşine goşan ägirt uly goşandy, görnükli şahsyýetlerimiziň amala aşyran beýik işleri taryhy maglumatlar arkaly täsirli beýan edilýär.

Dünýäniň parahatçylyk taglymaty

Dünýäde şeýle bir hikmetli söz bar. Adamlaryň hoşniýetli gatnaşyklary, birek-birege ynanyşmagy şol sözden gözbaş alýar. Oňa «Salam» diýilýär. Bir-birege salamatlygy, saglyk-amanlygy, öý-maşgala abadançylygyny dilemek ýaly ýagşy arzuw-niýetler «salam» diýen sözde jemlenýär. Dünýäniň islendik halkynyň «salam» sözüniň sözköküni yzarlasaň, ynsanperwerlige ýugrulan şeýle hikmetli manylara eýedigine göz ýetirýärsiň. Diýmek, külli adamzadyň baş maksady — parahatçylyk, her bir adamyň arzuw-niýeti — abadançylyk. Türkmen aganyň iki elini uzadyp, «Essalawmaleýkim» diýip berýän gadyrly salamynda hem uly hikmet bar. Halkymyzyň görüm-göreldesine muwapyk gelýän salamlaşmak edebindäki elleri mäkäm gysyşmakda hem ýürekdeşlige, ynanyşmaga meýil şöhlelenýär. Türkmeniň salamynda päkize asman ýaly ýüregi açyklyk, ümmülmez sähra ýaly giňlik, halkymyzyň birek-birege, dost-ýara gadyrlylygy bar.

Magtymgulynyň tebigat bilen bagly tapmaça häsiýetli syrly setirleri

Magtymgulynyň ajaýyp şygyrlary uly bilen uly ýaly, kiçi bilen kiçi ýaly «gürleşýär». Onda çagajyklardyr ýetginjekler üçin hem, ululardyr dürli kärdäki adamlar üçin hem gyzyklanara, pikirlenere we öwrenip sapak alara zat köp. Ol — ähli adamlar üçin hem deň derejede soňsuz we tükeniksiz ylham çeşmesi. Akyldar şahyryň şygyrlarynyň birnäçesi tapmaça häsiýetlidir. Şahyryň haýsydyr bir rowaýaty ýa-da tymsaly aňladýan syrly setirleriniň many-mazmuny, ähmiýeti, maksady hemişe-de okyjylaryň ünsüni özüne çekip gelipdir. Ýöne şahyryň beýle häsiýetli goşgularynyň syryny açmak aňsat däl. Olaryň birnäçesiniň syryny bilmek üçin köp okamaly, köp zatlardan habarly bolmaly, käbirini bilmek üçin üşügiň ýiti, pikirleniş ukybyň ösen bolmaly, ýene birnäçesini aňmak üçin bolsa, bularyň ikisiniň hem ýokary derejede bolmagy gerek.

Maksat — iň gowusy bolmak

Çagalar, hany aýdyň, haýsyňyz surat çekip bilýärsiňiz?! Şu wagt köpiňiziň «Men-de men» bolşanyňyzy bilýärin. Sebäbi biziň ýurdumyzda zehinlije, onda-da çeperçilik sungatyna ukyplyja çagalar juda kän. Ine, şolaryň birnäçesi Türkmenabat şäherindäki çagalar çeperçilik mekdebinde okaýar. Bu mekdebiň Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen mundan 14 ýyl ozal täzeden açylandygyny aýratyn nygtamak gerek. Geçen ýyllaryň dowamynda häzirki wagta çenli ýurdumyza belli nakgaşlar, heýkeltaraşlar we çeperçilik sungatynyň beýleki wekilleri bolup ýetişen ýaşlaryň ençemesi hut şu mekdebiň uçurymlary.

Çagalyk. Dostluk. Döredijilik

TÜRKSOÝ çagalaryň arasynda düzme ýazmak ussatlygy hem-de surat çekmek boýunça geçiren bäsleşikleriniň ýeňijilerini sylaglady Gadyrly çagalar, Türki medeniýetiň halkara guramasy bilen ýurdumyzyň arasynda medeni hyzmatdaşlyk barha ösýär, häzirki döwürde bu gatnaşyklar täze sahypa bolup, halkymyzyň we ösüp gelýän ýaşlarymyzyň durmuşynda aýratyn orny eýeleýär. 2024-nji ýylyň «Türki dünýäsiniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly» we Änew şäheriniň «Türki dünýäsiniň medeni paýtagty» diýlip yglan edilmegi munuň aýdyň subutnamasydyr. Şu ýyl eziz Diýarymyzda TÜRKSOÝ-nyň II halkara teatr festiwaly, IV halkara «Gorkut ata» kinofestiwaly we başga-da birnäçe medeni çäreleri giňden ýaýbaňlandyryldy. Halkara ähmiýetli şeýle çäreleriň arasynda çagalara bagyşlanany hem bar.

Goşgular çemeni

Şu gün Aýdylmaly bolsa eger çyn zady,Görmedim gözlerden başga çuň zady.Täze ýyl saçagnyň duzundan dadyp,Arzuwlar ýürekden diýilsin şu gün!

«Parahatçylyk: çagalaryň sesi»

Gadyrly çagalar, «Parahatçylyk: çagalaryň sesi» atly döredijilik bäsleşiginiň surat çekmek we maket ýasamak ugry boýunça ýeňijileriniň eserlerini size hödürleýäris. Eserlerde ýaş nesilleriň Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyza bolan egsilmez buýsançlary, çäksiz söýgüsi öz beýanyny tapýar. Döredijilik bäsleşiginiň maksady hem täze zehinleri ýüze çykarmakdan ybarat bolup, eserlerde «Dünýä dursun parahat!» diýen tema aýdyň şöhlelenýär. Geljegine uly umyt bildirilýän ýaş zehinlerimize döredijilik ýolunda üstünlikleri arzuw edýäris.

Bäsleşigiň ýeňijileri

Ýakynda Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezi binasynda ýurdumyzyň umumybilim berýän orta mekdepleriniň 4 — 12-nji synplarynda okaýan okuwçylaryň arasynda geçirilen «Parahatçylyk: çagalaryň sesi» atly döredijilik bäsleşiginiň ýeňijileriniň sylaglanyş dabarasy boldy. Ol Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli Türkmenistanyň Bilim ministrligi, Türkmenistanyň Parahatçylyk gaznasynyň müdiriýeti, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi hem-de «Güneş» žurnalynyň redaksiýasy tarapyndan bilelikde guraldy. Bäsleşik işjeň häsiýete eýe bolup, oňa ýurdumyzyň ähli welaýatlaryndan we şäherlerinden mekdep okuwçylarynyň ençemesi gatnaşdylar. Bäsleşik üç ugur: düzme ýazmak, surat çekmek we maket ýasamak boýunça guralyp, ol ilki mekdep, etrap-şäher we welaýat derejelerinde geçirildi. Şol tapgyrlarda ýeňiji bolan işler döwlet tapgyryna hödürlenildi we olardan iň gowulary emin agzalary tarapyndan saýlanylyp alyndy. Netijede, her ugur boýunça I, II, III orunlary eýelän okuwçylar kesgitlenildi.

Onore de Balzak (1799 — 1850)

Onore de Balzak fransuz halkynyň meşhur ýazyjysy hem-de dramaturgydyr. Ol 1799-njy ýylda Fransiýanyň Tur şäherinde, daýhan maşgalasynda dünýä inýär. Kakasy ogluny aklawçy edip ýetişdirmekçi eken, şonuň üçin Balzak ilki Wandom kollejinde, soňra Parižiň hukuk mekdebinde bilim alýar. Emma Balzak eýýäm ýetginjek döwründe bütin ömrüni edebiýata bagyşlamak kararyna gelýär. Netijede, ol 1823-nji ýylda ilkinji eserini döredipdir. 1825 — 1828-nji ýyllarda neşirýat işi bilen meşgullanypdyr. Balzak günde 15 sagada golaý döredijilik bilen meşgullanypdyr, kofe içmegi-de halapdyr. 1830-njy ýylda neşir edilen «Gobsek» powesti onuň adyny Fransiýanyň iň öňdebaryjy ýazyjylarynyň hataryna goşýar. Balzagyň ondan soň döreden «Şagren derisi», «Gorio ata», «Ýewgeniýa Grande», «El üzülen arzuwlar», «Polkownik Şaber», «Sezar Birotto» we «Lui Lamber» eserleri eýýäm öz döwründe dünýä edebiýatynyň altyn hazynasyna girdi. Balzak ençeme powestdir roman ýazypdyr. Ol ähli eserlerini bir topluma düzüp, oňa «Adamzat komediýasy» diýip, umumy at goýýar, şonuň üçin eserleriniň ählisi belli bir derejede özara baglanyşýar, biri-biriniň üstüni ýetirýär. Şeýle etmek bilen Balzak öz döwrüniň taryhyny hemmetaraplaýyn açyp görkezmek isläpdir. Zehinli ýazyjy 1845-nji ýylda «Hormat

Hoşallyk haty

(Hekaýa) «Gadyrly Aýazbaba! Şu ýylam saňa hat ýazýan. Ýöne bu ýyl senden hiç zat sorajak däl. Enem aýtmyşlaýyn, «ynsap ýagşy!». Sen eýýäm üç-dört ýyl bäri näme sorasam getirip, arçamyzyň aşagynda goýup gidäýýäň. Diňe geçen ýylky haýyşymy arçanyň aşagynda goýmadyň. Onuňam sebäbi bar. Sebäbi ol sowgat arçanyň aşagyna ýerleşenok. Sowgat diýýänim kakam-da. Heý, kakalaram arçanyň aşagyna ýerleşermi diýsene!

Çaga kalbynyň owazy

Eziz Watan Türkmenistan Säherleri hoş owazly,Eziz Watan Türkmenistan.Goýny mydam baky ýazly,Eziz Watan Türkmenistan.

Mekir tilki we ugurtapyjy serçejik

(Erteki) Serçejik agajyň şahasynda aýdym aýdyp, daş-töweregiň gözelligini synlap otyrdy.

Täze ýylyň goşa şatlygy

(Hekaýa) Orta mekdebiň 5-nji synpynda okaýan, iň göreldeli okuwçylaryň biri hasaplanylýan Maral bu gün ir säher bilen oýandy. Şol gün hemmeleriň gowy görýän hem sabyrsyzlyk bilen garaşýan Täze ýyl baýramçylygy bellenýän bolsa-da, gyzjagazyň eýýäm iki gündür kän bir keýpi ýokdy. Sebäbi her säherde: «Turduňmy, meniň owadanja gyzjagazym!» diýip, başyny sypalaýan mähriban ejesi mundan iki gün ozal şäherlerindäki bäbekhana, mamasynyň aýdyşy ýaly, «akja bäbejik getirmäge» gidipdi.

Kalplary joşgunly ýaşlar

Watanymyz — arzuwly ýaşlaryň arzyly islegleriniň hasyl bolýan mekany. Bu gün ençeme ýaşlaryň arzuwlary öz wysalyna gowuşdy, ýagny olar Türkmenistanyň Ýaşlar baýragynyň eýesi diýen ada eýe boldular. Şolaryň hatarynda bolmak bagty maňa-da nesip etdi. Öňdebaryjy ýaşlaryň hatarynda bolmak, elbetde, örän buýsandyryjy. Döredijilikde aýratyn tapawutlanan ýaşlaryň arasynda mekdep okuwçylarynyň bolmagy hem bizi diýseň guwandyrýar. Şol sebäpli žurnalymyzyň şu sanynda Türkmenistanyň Ýaşlar baýragyna mynasyp bolan mekdep okuwçylarynyň ýürek buýsançlaryny size ýetirmegi makul bildik. Umytaly GURBANOW, Arkadag şäherindäki iňlis diline ýöriteleşdirilen 3-nji orta mekdebiň okuwçysy:

«Ashgabat Open 2024»: ýaş tennisçileriň baýramçylygy

Sportuň iň meşhur görnüşleriniň biri bolan tennis bilen ýurdumyzda dürli ýaşdaky adamlar meşgullanýarlar. Çagalaryň we ýetginjekleriň arasynda-da tennise gyzyklanma örän uludyr. Ýakynda paýtagtymyz Aşgabatda tennis boýunça 14 ýaşa çenli oglan-gyzlaryň arasynda geçirilen «Ashgabat Open 2024» atly halkara ýaryşa ýurdumyzdan ýaş türgenleriň 42-siniň gatnaşmagy hem munuň aýdyň mysalydyr. Beýik Britaniýa, Hindistan, Eýran, Iordaniýa, Gazagystan, Malaýziýa, Birleşen Arap Emirlikleri, Pakistan, Täjigistan, Türkiýe, Özbegistan ýaly ýurtlardan zehinli türgenleriň gatnaşmagynda geçirilen ýaş tennisçileriň ýaryşy dost-doganlygyň baýramçylygyna öwrüldi. 11-nji noýabrda paýtagtymyzdaky Olimpiýa şäherçesiniň Tennis toplumynda 14 ýaşa çenli ýetginjekleriň arasyndaky «Ashgabat Open 2024» halkara ýaryşynyň açylyş dabarasy boldy. Dabarada ýerine ýetirilen aýdym-sazlar türgenleriň sportuň dürli görnüşleri boýunça görkezme çykyşlary bilen utgaşyp, baýramçylyk ruhuny emele getirdi. Ýaryşa gatnaşýan wekiliýetleriň tanyşdyrylyşy tomaşaçylaryň şowhunly el çarpyşmalary bilen garşylanyldy. Açylyş dabarasynyň yzysüre halkara ýaryşyň ilkinji duşuşyklaryna badalga berildi.

«2025»-iň gutlaglary

Goýny gül Diýarymyzyň görküne çaga gözi bilen seredip bolaýsa! Hasam şu günler. Çünki ýurdumyza olaryň iň söýgüli baýramy — Täze ýyl gelýär! Özüniň garaşylmadyk sowgatlary, üýtgeşik tagamnamasy, täsinje gutlaglary bilen adamlaryň, aýratyn-da, körpeleriň hakydasynda ýylboýy ýakymly ýatlama bolup galýandygy üçinem Täze ýyl beýleki baýramlardan has şüweleňli. Ine-de, arzylanyp garaşylýan Täze 2025-nji ýylyň Diýarymyzyň mübärek bosagasyndan ätlemegine az pursat galdy. Biz hem körpelerimize, olaryň ene-atalaryna ýetip gelýän Täze ýyl mynasybetli redaksiýamyzyň adyndan garaşylmadyk baýramçylyk gutlaglaryny ýetirmegiň aladasynda kän gezdik. Ahyram «2025»-iň gutlaglary» atly seslenme bilen « ** – 20 – 25» telefon belgilerine jaň edip, olaryň ýürek buýsançlaryny, Täze ýyl gutlaglaryny halkymyza ýetirmegi ýüregimize düwdük. Elbetde, jaň eden belgilerimiziň eýeleri bu tötänlige haýran galsalar-da, teklibimizi goldap, özleriniň Täze ýyl gutlaglaryny biziň bilen paýlaşdylar. Bizem başardygymyzdan ony sözme-söz size ýetirýäris. «** – 20 – 25».

Häsiýet

Gatnaşýarlar:Enesi.Adyl.Aýperi.Melike.Mähriban. Enesi çaý içip otyr. Sahna Adyl ylgap gelýär. Onuň elinde gök reňkli top bar.

Üstünlik — zehinliniň hemrasy

Bilimiň ynsan ömrüni ýagtyldýan ýolgörkeziji şamçyragdygy hemmä mälim. Bilim almak, zehiniňi has-da kämilleşdirmek üçin ähli mümkinçilikleriňdir şertleriň döredilen ýurdunda ýaşamagyň, okamagyň özi uly bagt. Şol döredilýän şertlerden ruhlanýan mekdep okuwçylarymyz diňe bir ýurdumyzyň çäginde däl, dünýä derejesinde geçirilýän olimpiadalarda üstünlikli çykyş edýärler. Şeýle zehinli jigilerimiziň hatarynda Aýgül Atajanowany hem görkezmek bolar. Ol Aşgabat şäherindäki Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky ýöriteleşdirilen umumybilim berýän mekdep-internatynyň 12-nji synp okuwçysy. Zehinli jigimiziň himiýa dersi boýunça gazanan üstünliklerini eşideniňde, oňa dürli wagtlarda gowşurylan diplomlardyr Hormat hatlaryny göreniňde, «berekella» diýeniňi duýman galýarsyň. Ilki bilen, Aýgülüň şu ýylda gazanan üstünlikleri bilen tanşalyň. Ol iýul aýynyň 21—30-y aralygynda Saud Arabystany Patyşalygynyň Er-Riýad şäherinde geçirilen 56-njy Bütindünýä halkara himiýa olimpiadasynda kümüş medala, şu ýylyň aprel aýynyň 21—26-sy aralygynda bolsa Hytaý Halk Respublikasynyň Şençžen şäherinde geçirilen himiýa boýunça 58-nji Halkara Mendeleýew olimpiadasynda bürünç medala mynasyp boldy. Şeýle-de şu ýyl — «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ý

Kalby aýdymly zehin

Kiçiliginden aýdyma hiňlenýän Leýli zehinli aýdymçy bolmagy arzuw edýär. Şol sebäpden ykbalyny aýdyma baglamaga höwes edýän Leýli Jepbarowa aýdym aýtmagyň ilkinji ýollaryny başda Wekilbazar etrabyndaky 3-nji orta mekdebiň aýdym-saz mugallymy Mähri Berdikulyýewadan öwrendi. Ol Mary şäherindäki «Joşgun» çagalar we ýetginjekler döredijilik öýüne gatnap, bu ugurdan ilkinji bilimini özleşdirdi. 2022-nji ýyldan bäri Mary welaýatynyň Mollanepes adyndaky çagalar sungat mekdebinde tejribeli mugallym Ejeş Baýjaýewadan bagşyçylyk hünäriniň inçe syrlaryny öwrenýär. Şeýle-de Leýli Türkmenistanyň halk artistleri Zylyha Kakaýewany hem-de Läle Begnazarowany özüniň gaýybana halypasy hasaplaýar. Olaryň aýdymlaryny üns bilen diňläp, öz sungat ýoluny barha kämilleşdirýär.

Halkara ýaryşlar ussatlary öňe çykarýar

Gadyrly çagalar, hemmämize mälim bolşy ýaly, parahatçylygyň ilçisi bolan sport hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen Türkmenistan döwletimizde barha pajarlaýar, ösýär, özgerýär. Munuň aýdyň subutnamasy hökmünde ýakynda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň göreldesinden ugur alyp, 6 müňden gowrak adam Saglyk ýoly boýunça köpçülikleýin ýörişe gatnaşdy. Olar agzybirlikde bu ýörişiň lezzetini alyp, beden we ruhy sazlaşygy emele getirdiler. Bu ýöriş Türkmenistanyň başlangyjy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynda «Birleşen Milletler Guramasynyň oýunlary» atly Kararnamanyň kabul edilmegi bilen baglanyşykly guraldy. Şeýle hem sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdy hökmünde ykrar edilen Watanymyzda köpçülikleýin bedenterbiýäni, sporty ösdürmäge döwlet derejesinde uly ähmiýet berilýändiginiň nobatdaky subutnamasyna öwrüldi. Bilýäňizmi näme, çagalar, köpçülikleýin ýöriş başlanmazyndan ozal, Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalaryň we halkara guramalaryň wekilleriniň, ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň işgärleriniň arasynda Saglyk ýoluny ylgap geçmek boýunça ýaryş hem guraldy. Ýaryş köpçülikleýin ýörişiň çäklerinde geçirildi. Soňra Saglyk