Hyzmatdaşlygyň täze derejesi

26 Iýul 2023
829

Ata-babalarymyzyň bize miras galdyran baý ruhy hazynasyna bütin dünýäde uly sarpa goýulýar. Şu ýylyň 15-nji maýynda ÝUNESKO-nyň Tährandaky klaster edarasynyň direktory hanym Golda El-Huriniň «Türkmen keşdeçilik sungatynyň», «Ýüpekçilik we dokmaçylykda ýüpek önümçiliginiň däpleriniň», «Molla Ependiniň şorta sözlerini gürrüň berijilik däbiniň» ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizilendigi baradaky degişli güwänamalary hormatly Prezidentimize gowşurmagy, onuň yzysüre bolsa ýurdumyzyň alty sany orta mekdebiniň ÝUNESKO-nyň halkara assosirlenen mekdepleriniň sanawyna goşulmagy bilen bir hatarda, Magtymguly Pyragynyň golýazmalar toplumynyň ÝUNESKO-nyň «Dünýäniň hakydasy» maksatnamasynyň halkara sanawyna girizilmegi hem-de «Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy» baradaky şanly senäniň 2024-2025-nji ýyllarda ÝUNESKO bilen belleniljek ýubileý seneleriň sanawyna goşulmagy munuň nobatdaky subutnamalary boldy.

Her bir halkyň öz ýüzüni, milli häsiýetini, aýratynlygyny görkezýän medeni gymmatlyklary bolýar. Bu babatda biziň buýsanmaga doly hakymyz bar. Asyrlaryň jümmüşinden habar berýän taryhy ýadygärliklerimiz, halk döredijilik eserlerimiz, aýdym-sazymyz, milli tanslarymyz, şekillendiriş, halyçylyk, keşdeçilik, zergärçilik, senetçilik... sungatlarymyz milli medeniýetimiziň hiç bir halkyňka meňzemeýän ajaýyp özboluşlylygyny şöhlelendirýän gymmatly mirasymyzdyr. Ol halkymyzyň şöhratly taryhynyň, ruhy-ahlak ýörelgeleriniň, edim-gylymynyň, Watanyna, topragyna bolan çäksiz söýgüsiniň aýdyň beýanyny özünde jemleýär.

Döwlet mämmedow.