Nazarmämmet MUHAMMEDI (Aba işan), Eýranyň Demirgazyk Horasan welaýatynyň Jergelan etrabynyň Gerkez obasyndaky dini medresäniň ýolbaşçysy. Magtymguly Pyragynyň ýedinji arkasy:

30 Maý 2023
598

— Magtymguly diňe biziň aňrymyzyň meşhur kişisi däl. Ol — bütin türkmenistanlylaryň, külli türkmensähralylaryň arka direýän adamy. Onuň terjimehaly goşgularynda-da bar. Men onuň ýedinji arkasy. Kakam Ata işan Döwletmämmet mollanyň we Magtymguly işanyň özünden galan mirasy aýawly saklamaga çalyşdy. Elinden geldigiçe, olary saklap galmak üçin, zähmet baryny edipdi. Ol 2005-nji ýylda dünýesini täzeledi. Biziň neberämiz Garry mollanyň Kahyrguly diýen dördünji oglundan gaýdýar. Neslimizde goluna galam almadygy-da, alnyny namazlyga goýmadygy-da ýok. Maşgalamyza ata Watanymyz Türkmenistanda hem, Türkmensährada hem uly hormat edýärler. Biz — dört dogan. Özümden uly doganym Gara işan hem gowy şahyrdy. Ol 1992-nji ýylda aramyzdan gitdi. Gerkezliler oňa «ýöreýän taryh» hem diýerdiler.

Magtymguly iliň öňüne düşen Çowdur han, Ýazyrhan pir, Buzpolat serdar ýaly şahsyýetlere aýratyn gadyr eder eken. Olara goýýan hormatyny goşgularynda hem ýazypdyr. Garry molla bilen ogly Magtymguly işanyň galdyran mirasy biziň baýlygymyz. Eýran türkmenleri, ahunlardyr alymlar gymmatly eserleri öwrenýärler, metjitlerdäki wagyz-ündewlerde mysallar getirýärler. Hezreti Magtymguly türkmen aryflaryndan iň beýikleriniň biridir. Atamyz hem türkmeniň welileriniň içinde ulugydyr. Molla Döwletmämmet Allatagala ýetişen, pygambere gowşan, ahyrýet işine mäkäm ýapyşan ynsandyr...