Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň geçen hepdedäki söwdalarynda geleşikleriň 27 sanysy hasaba alyndy.
Daşary ýurt walýutasyna Owganystandan, BAE-den, Gazagystandan, Gyrgyz Respublikasyndan, Özbegistandan we Türkiýeden gelen telekeçiler suwuklandyrylan gazy, polipropileni, awtobenzini hem-de awiakerosini satyn aldylar. Şeýle-de dürli görnüşli dokma önümleri satyldy. Geleşikleriň jemi bahasy 22 million 784 müň 680 amerikan dollaryndan gowrak boldy.