Şanly toýa mynasyp sowgat

28 Ýanwar 2021
1765

Türkmen aga toý toýlasa, toýunyň döwresini uludan tutup, onuň deňli-derejeli toýlanmagyny gazanýar. Halkymyzyň gadymdan gelýän bu asylly ýörelgesi häzirki wagtda mynasyp dowam etdirilýär. Biz muňa ýurdumyzda döwlet derejesinde bellenilýän baýramçylyklaryň mysalynda hem aýdyň göz ýetirýäris. Hemişelik Bitaraplygymyzyň 25 ýyllygynyň halkara derejesinde bellenilmegi, şeýle hem täze binagärlik açyşlary bilen dabaralandyrylmagy munuň subutnamasydyr. Bu durmuş hakykatymyzy Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygyna görülýän giň gerimli taýýarlyk işleri hem aýan edýär.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň nygtap belleýşi ýaly, “Garaşsyzlyk Berkarar döwletimiziň synmaz binýady, bagtyýar durmuşymyzyň mizemez esasydyr!”.

Tirkeş MÄMMEDOW,
«Mugallymlar gazeti».