Arkadagyň ak şäheri ajaýyp

27 Ýanwar 2021
1718

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabatda we tutuş ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan özgertmeler maksatnamalarynyň durmuşa geçirilişini berk gözegçilikde saklap, raýatlarymyzyň ähli amatlyklaryň hözirini görüp ýaşamaklary üçin döredilýän oňaýly şertler, öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmak hem-de ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek bilen baglanyşykly meselelere hemişe aýratyn üns berýär.

Uzak geljegi nazara almak bilen, ýurdumyzyň baş şäherini ösdürmek milli Liderimiziň öňe süren täzeçil şähergurluşyk maksatnamasynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Paýtagtymyzyň häzirki keşbinde tutuş ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşiniň depginleri, onuň köpugurly kuwwaty, mähriban halkymyzyň baý taryhy we medeni däpleri öz aýdyň beýanyny tapýar.

«Aşgabat».