Saglyk — abatlyk

20 Ýanwar 2021
1358

Soňky ýyllarda köpçülikleýin bedenterbiýe we sport ildeşlerimiziň her biriniň durmuşynyň aýrylmaz bölegine öwrüldi. Bu ýurtda sagdyn jemgyýetiň binýadyny berkitmekde, ynsan saglygyny goramakda we keselleriň öňüni almakda möhüm şertleriň biridir. Ýurdumyzda sport görnüşleriniň, sport desgalarynyň we toplumlarynyň sany bilen birlikde sporty söýüjileriň-de, ussat türgenleriň-de sany barha köpelýär. Bu bolsa sportuň uzak asyryň dowamynda adamzadyň döreden özboluşly güýmenjesi bolmagyndan, ynsan durmuşyna gözellik, rowaçlyk we bagtyýarlyk çaýýan gymmatlyk derejesine çenli özgerendigini görkezýär. Bu hakykata biz gündelik durmuşymyzda doly göz ýetirýäris.

Ýurdumyzyň sport ulgamynda döredilýän mümkinçiliklerden ruhlanyp, ýylyň-ýylyna öz kämillik derejelerini artdyrýan türkmen türgenleri dünýäniň sport arenasynda Watanymyzyň abraýyny has-da belende galdyrýarlar. Şeýle türgenleriň sanyny yzygiderli artdyrmak biziň esasy wezipämizdir. Biz sporta ählihalk derejesinde uly ähmiýet berýän milli Liderimiziň göreldesine eýermek bilen, türgenleriň diňe bir bedenini taplamak we olaryň ukyp-başarnyklaryny artdyrmak bilen çäklenmän, eýsem, olaryň hemmetaraplaýyn kämil şahsyýet hökmünde kemala gelmekleri babatda hem alada edýäris. Bu bolsa jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgesini berkarar etmeklige, şol sanda ýaşlary bedenterbiýe we sport hereketine giňden çekmeklige, olaryň ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylýan giň gerimli işlere işjeň gatnaşmaklaryny gazanmaklyga uly itergi berýär. Alnyp barylýan bu işler türkmen ýaşlarynyň pikirlenişine, dünýägaraýşyna oňyn täsirini ýetirmek bilen birlikde, ilatyň saglygyny berkitmekde has netijeli usullaryň birine öwrülýär.

Halmuhammet GURBANOW,
Türkmenabat şäherindäki 14-nji sport mekdebiniň tälimçisi.