Möwsümleýin näsaglykdan goranalyň!

18 Ýanwar 2021
1412

Agyz-burun örtükleri üsgürilende ýa-da asgyrylanda adamyň tüýküliginiň daşa ýaýramagynyň, howadaky zyýanly tozan bölejikleriniň bedene aralaşmagynyň öňüni alýar we daş-töwerekdäkilere keselleriň ýokuşma howpuny azaldýar.

Daş-töweregindäkilere keseli ýokuşdyrmazlyk we öz wagtynda bejergi almak üçin, näsag keseliň ilkinji alamatlaryndan başlap, öýde bolmaly we lukmana ýüz tutmaly. Näsagyň köpçülik ýerlerine barmaklygyny çäklendirmeli. Keseliň kesgidi we bejergisi diňe lukman tarapyndan bellenip bilner. Ol hem degişli derman serişdeleriniň haýsysyny içmelidigini, wagtyny we möçberini kabul etmegini näsaga maslahat berip biler.