Ynanyşmak ýoly bilen

18 Ýanwar 2021
1947

Dünýä giňişliginde mynasyp orny eýeläp, BMG-niň Durnukly ösüş maksatlaryny üstünlikli durmuşa geçirýän Türkmenistan Watanymyzyň parahatçylyk dörediji syýasaty uly üstünliklere beslenýär. 2021-nji ýylyň «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» şygary bilen dabaralandyrylmagy saýlap alan milli ösüş ýolumyzyň döredijilikli dowam etdirilýändiginiň aýdyň görkezijisine öwrüldi. Bu gün Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda mähriban Watanymyz dünýä giňişliginde halkara jemgyýetçiligi tarapyndan oňyn Bitaraplygyň, parahatçylygyň, abadançylygyň, jemgyýetde özara ynanyşmagyň we agzybirligiň dabaralanýan mekany hökmünde tanalýar. Türkmenistanyň başlangyjy boýunça 2021-nji ýyl BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edildi. Türkmenistanyň oňyn başlangyçlarynyň halkara kararnamalar derejesinde öz beýanyny tapmagy adamzat ösüşiniň möhüm şerti bolan parahatçylygyň, hoşniýetli gatnaşyklaryň has-da giňden dabaralanmagyna goşýan mynasyp goşandydygyny şöhlelendirýär.

Parahatçylyk we durnukly ösüş, halkara ynanyşmak ýagdaýynda döwletiň öz ykdysady ösüşini üpjün etmek mümkinçiliginiň ýokary bolýandygyny bu günki gün Türkmenistanyň tejribesi bütin dünýä äşgär edýär. Halkara hyzmatdaşlygyň düýbünden täze nusgasyny kemala getirmek bilen, XXI asyrda häzirki zaman dünýäsiniň möhüm meselelerine täzeçe çemeleşmek ýörelgesini ugur edinen ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk derejesi diňe bir Türkmenistanyň däl, eýsem tutuş sebitiň, şeýle hem dünýä döwletleriniň durnukly ösüşine gönükdirilendir. Häzirki wagtda Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan yglan edilen Durnukly ösüş maksatlarynyň ýurdumyzda amala aşyrylmagyny göz öňünde tutulyp taýýarlanylan «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasy» hem-de pudaklaýyn maksatnamalardyr meýilnamalar durmuşa geçirilýär.

Annamyrat ALLABERDIÝEW,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň kliniki farmokologiýa we endokrinologiýa okuwly gospital terapiýa kafedrasynyň müdiri.