Bitaraplygyň türkmen ýoly äleme nur saçýar

2 Dekabr 2024
270

Halkymyzyň arasynda «Garaşsyzlyk — ganatym», «Bitaraplyk — buýsanjym» diýlen ajaýyp jümleler bar. Munuň özi 1991-nji ýylyň güýzünde ýurt Garaşsyzlygyny gazanyp galkynan, 1995-nji ýylyň dekabrynda bolsa hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesine eýe bolup beýgelen türkmen halkynyň öz döwlet berkararlygyna hem-de hemişelik Bitaraplygyna bolan milli buýsanjyndan, ýürek owazyndan dörän ganatly jümlelerdir. Bir söz bilen aýdylanda, erkli-erkana, ýurdy görkana türkmen milletiniň goşa uçar ganaty bar. Onuň birinjisi — GARAŞSYZLYK bolsa, ikinjisi — hemişelik BITARAPLYK.

Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesine eýe bolan taryhy senesi, ýagny 1995-nji ýylyň 12-nji dekabry türkmen halky üçin altyn harplar bilen ýazylan buýsançly sene bolup, taryh gatlarynda mynasyp orun aldy. Şol taryhy gün Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 50-nji mejlisinde onuň 185 sany agzasynyň biragyzdan goldamagynda Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy hakynda möhüm Kararnama kabul edilipdi. Öz parahatsöýüjiligi, belent adamkärçiligi we ýokary ynsanperwerligi bilen taryhda öçmez yz goýan merdana halkymyzyň bu günki nesilleriniň bagtyýarlygyny, türkmen halkynyň Milli Liderine hem-de döwlet Baştutanyna ygrarlylygyny we döwlet bitewüligini halkara derejesinde kepillendirýän hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesi dünýä bileleşigi tarapyndan ykrar edilen mukaddeslik bolup, her bir türkmenistanlynyň buýsançly başyny göge ýetirýär.

Dädebaý NARTYÝEW,
«Nebit-gaz».