Milli kanunçylyk binýady berkidilýär

2 Dekabr 2024
186

Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň hem-de ýurdumyz tarapyndan tassyklanan halkara konwensiýalaryň düzgünlerine laýyklykda işlenip taýýarlanýan kanunçylyk namalary Watanymyzyň uzak möhletleýin esasda gülläp ösmegi üçin ygtybarly binýady üpjün edýär. Şeýle-de durmuş-ykdysady we demokratik özgertmeleriň mundan beýläk-de üstünlikli amala aşyrylmagyna ýardam berýär. Şunuň bilen baglylykda, 30-njy noýabrda Türkmenistanyň Mejlisiniň ýedinji çagyrylyşynyň ýedinji maslahatynyň geçirilmegi möhüm ähmiýete eýedir.

Maslahata wise-premýerler, degişli ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri çagyryldy. «Türkmenistanyň 2025-nji ýyl üçin Döwlet býujeti hakynda» Kanunyň taslamasyna, «Türkmenistanyň 2023-nji ýyl üçin Döwlet býujetiniň ýerine ýetirilişi hakynda» Mejlisiň kararynyň taslamasyna garamak gün tertibiniň esasy meseleleriniň biri boldy. Täze kanunlaryň we kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň taslamalary barada Mejlisiň ähli komitetlerinde, ýurdumyzyň ministrliklerinde, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynda deslapky ara alyp maslahatlaşmalar geçirildi. 31-nji maýda we 15-nji noýabrda geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlislerinde döwlet Baştutanymyz «Türkmenistanyň 2025-nji ýyl üçin Döwlet býujeti hakynda» Kanuny taslamasy boýunça anyk tekliplerini beýan edipdi. Deputatlar «Türkmenistanyň 2025-nji ýyl üçin Döwlet býujeti hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasynyň kabul edilmegini biragyzdan goldadylar. Çünki bu resminama düýpli hasaplamalara esaslanyp, döwletiň we jemgyýetiň serişde kuwwaty bilen berkidilendir. Şeýle-de «Türkmenistanyň 2023-nji ýyl üçin Döwlet býujetiniň ýerine ýetirilişi hakynda» Mejlisiň karary biragyzdan kabul edildi.

«Nesil».