Türkmenistanyň Mejlisiniň maslahaty

2 Dekabr 2024
178

30-njy noýabrda Türkmenistanyň Mejlisiniň ýedinji çagyrylyşynyň ýedinji maslahaty geçirildi. Onda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryna laýyklykda, ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen kanunlaryň we kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň birnäçesi kabul edildi.

Maslahata Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, degişli ministrlikleriň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri çagyryldy. «Türkmenistanyň 2025-nji ýyl üçin Döwlet býujeti hakynda» Kanunyň taslamasyna, «Türkmenistanyň 2023-nji ýyl üçin Döwlet býujetiniň ýerine ýetirilişi hakynda» Mejlisiň kararynyň taslamasyna garaldy. Deputatlar «Türkmenistanyň 2025-nji ýyl üçin Döwlet býujeti hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasynyň kabul edilmegini biragyzdan goldadylar. «Türkmenistanyň 2023-nji ýyl üçin Döwlet býujetiniň ýerine ýetirilişi hakynda» Mejlisiň karary-da biragyzdan kabul edildi.

«Watan».