«Parahatçylyk: çagalaryň sesi» bäsleşigi jemlenildi

2 Dekabr 2024
504

Şu gün — 2-nji dekabrda Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalary merkezinde ýurdumyzyň umumybilim berýän orta mekdepleriň 4 — 11-nji synplarynda okaýan okuwçylaryň arasynda yglan edilen «Parahatçylyk: çagalaryň sesi» atly döredijilik bäsleşiginiň ýeňijileriniň sylaglanyş dabarasy geçirildi. Ol Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli «Güneş» žurnalynyň redaksiýasy, Türkmenistanyň Bilim ministrligi, Türkmenistanyň Parahatçylyk gaznasynyň müdiriýeti hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi tarapyndan bilelikde guraldy. Bäsleşik işjeň häsiýete bolup, oňa ýurdumyzyň ähli welaýatlaryndan we şäherlerinden mekdep okuwçylarynyň ençemesi gatnaşdylar.

Bäsleşik üç ugur: düzme ýazmak, surat çekmek we maket ýasamak boýunça guralyp, ol ilki mekdep, etrap-şäher we welaýat derejelerinde geçirildi. Şol tapgyrlarda ýeňiji bolan işler döwlet tapgyryna hödürlenildi we olardan iň gowulary emin agzalary tarapyndan saýlanylyp alyndy. Netijede, her ugur boýunça I, II, III orunlary eýelän okuwçylar kesgitlenildi.

«Güneş».