Bitaraplyk — hoşniýetlilik ýörelgesi

2 Dekabr 2024
208

Parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk hem-de oňyn Bitaraplyk türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan başy başlanyp, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda ýurdumyzda üstünlikli durmuşa geçirilýän daşary syýasatyň esasyny düzýär. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan dünýäde ynsanperwer ýörelgeleri wagyz etmek, halkara guramalaryň çäklerinde umumadamzat bähbitli başlangyçlary we teklipleri öňe sürmek ugrunda uly tagallalary edýär. Halkara gatnaşyklarda medeni dialogy, hoşniýetli goňşuçylygy, birek-birege hormat goýmagy berkitmek, özara ynanyşmagy pugtalandyrmak maksady bilen, parahatçylyk döredijilikli işleri amala aşyrýar.

Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasy bilen hyzmatdaşlygy barha ösdürýär. BMG-niň howpsuzlyk ulgamyndaky gün tertibiniň esasy ugurlary Baş Assambleýanyň «2025-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnamasynda beýanyny tapýar. Kararnamanyň ýurdumyzda şeýle giň goldawa eýe bolmagy Bitarap Türkmenistanyň strategik maksatlarynyň umumy bähbitlere we meýillere laýyk gelýändiginiň, ýurdumyzyň BMG-niň Tertipnamasyna, ykrar edilen halkara hukuk kadalaryna esaslanýan döwletara hyzmatdaşlyga işjeň gatnaşýandygynyň ýene-de bir güwäsi boldy. Bu ýörelgeler ählumumy durnukly geljegiň maksatlaryna ýetmekde möhüm serişde bolup çykyş edýär.

Gurbanmyrat DURDYMÄMMEDOW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Ahal welaýat wekilhanasynyň referenti.