Arassa howa ― umumy baýlygymyz

21 Noýabr 2024
397

Türkmenabat şäherindäki 11-nji orta mekdebiň 12-nji synp okuwçysy Wepa Hemraýew Gazagystanyň Almaty şäherinde geçirilen «1-nji Halkara howa mekdebi» atly taslamanyň çägindäki bäsleşige gatnaşyp, birinji orna mynasyp boldy.

Birleşen Milletler Guramasynyň degişli edaralarynyň hemaýat bermeginde geçirilýän taslama we onuň çägindäki bäsleşige 9 döwletden 37 sany taslama işi hödürlenildi. Şunda ildeşimiz «Arassa dünýä» atly taslama işi bilen iň ýokary baha mynasyp boldy. Wepanyň howany arassalamak boýunça taýýarlan taslama işi täzeçilligi bilen tapawutlanyp, «Ýaşlaryň mümkinçiliklerini ösdürmek» atly baýraga eýe boldy.

Maral AKMYRADOWA,
ýörite habarçymyz.