Desterhanlar nygmatly, durmuş eşretli

20 Noýabr 2024
265

Ilaty öz topragymyzda öndürilýän ekerançylyk önümleri bilen üpjün etmek işine lebaply babadaýhanlar saldamly goşant goşýarlar. Olar üstümizdäki ýylda hem tutanýerli, ýokary netijeli zähmet çekýärler we guwandyryjy netijeleri gazanýarlar.

Şanly ýylyň tamamlanan on aýynda welaýatymyzyň ähli hojalyklarynda gök önümleriň 236,8 müň tonnasy, bakjanyň 156,4 müň tonnasy, miweleriň we ir-iýmişleriň 46,1 müň tonnasy, ýeralmanyň 123,4 müň tonnasy, üzümiň 18,8 müň tonnasy öndürildi. Munuň özi ýokarda atlary agzalan möhüm azyk önümlerini öndürmek boýunça geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende ep-esli ösüş depgininiň gazanylandygyndan habar berýär.

«Türkmen gündogary».