Türkmen ýaşlarynyň Indoneziýadaky üstünligi

16 Noýabr 2024
322

Ýurdumyzda ýaş nesle bilim bermek, onuň döredijilik mümkinçiliklerini durmuşa geçirmek, ýaşlaryň saýlap alan hünärlerine eýe bolmagy, ylmy işler bilen meşgullanmagy üçin ähli şertleri döretmek bilen bagly meselelere uly üns berilýär. Döwlet ýaşlar syýasaty bu möhüm meseleleri çözmäge gönükdirilip, ol ýaşlary hemmetaraplaýyn goldamagyň, olaryň hukuklaryny we bähbitlerini goramagyň kepili bolup durýar. Ýaşlar bolsa özleri hakda edilýän alada mynasyp jogap bermek bilen, güýç-gaýratlaryny, bilimdir ukyp-başarnyklaryny ýurdumyzyň bähbidine gönükdirmäge çalşyp, halkara olimpiadalarda üstünlikli çykyş edip, watançylygyň, belent ynama ygrarlylygyň hakyky nusgasyny görkezýärler.

Ynha, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda hem mekdep okuwçylarymyzdyr talyplarymyz daşary ýurtlarda geçirilýän halkara olimpiadalarda üstünlikli çykyş edip, öňdäki orunlary eýeleýärler, türkmen tuguny belentde parladyp, köpüň berekellasyna mynasyp bolýarlar.

Sona DURDYÝEWA.
«Türkmenistan».