Bilim binýadynyň kämilligi

13 Noýabr 2024
328

Türkmen halky ylma-bilime edep-terbiýäniň açary, eşretli durmuşyň gözbaşy hökmünde aýratyn ähmiýet berýär. Şeýle bolansoň, ylmy-bilimi, düşünjedir paýhasy asudalygyň, parahatçylygyň we abadançylygyň bähbitlerine gönükdirmek biziň halkymyzyň durmuş kadasyna, milli ruhuna mahsus häsiýetdir.

Ylym-bilim Garaşsyz döwletimiziň okgunly ösüşini üpjün edýän kuwwatly binýatdyr. Şoňa görä-de, biz — bagtyýar ýaşlar beýik maksada — demokratik, hukuk, dünýewi döwletimiziň, dörediji we parahatçylyk söýüji halkymyzyň Ýer ýüzündäki at-abraýyny, mertebesini has-da belende götermäge gönükdirilen milli maksatnamalarymyza, giň gerimli jemgyýetçilik-syýasy, durmuş-ykdysady, ylym-bilim özgertmelerimize gowy okamak, döretmek, döredijilikli zähmet çekmek, düýpli we amaly taslamalary amala aşyrmak bilen mynasyp goşant goşmalydyrys. Has dogrusy, okamak we öwrenmek, döredijilikli we yhlasly zähmet çekmek, ähli gujur-gaýratymyzy, alan bilimimizi, yhlasly zähmetimizi berkarar Watanymyzyň mundan beýläk hem gülläp ösmegi ugrundaky işlerde amal etmek biziň perzentlik borjumyzdyr. Bu gün bagtyýar ýaşlarymyz taryhymyzyň uzak döwürlerinden bäri agzybirligi, parahatçylygy, ynsanperwerligi baýdak edinip gelen merdana halkymyzyň watansöýüjilik, adalatlylyk, belent ahlaklylyk, lebzihalallyk ýaly ajaýyp sypatlaryny özlerinde jemläp, ylym-bilim basgançaklarynyň belentliklerine sary ýokary hünär taýýarlygy, kämil düşünje-garaýyşlary bilen ynamly öňe barýarlar.

Maksatmyrat SARYÝEW,
Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň talyby.