Dünýä — parahatçylyk, ýurda — abadançylyk

13 Noýabr 2024
266

Agzybir we ruhubelent halkymyz ýene bir şanly senäni — Garaşsyz Watanymyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 29 ýyllygyny uly tutum bilen bellemäge giňden taýýarlyk görýär. Ýerlerde geçirilýän çärelerde diňe bir sebitde däl, eýsem, tutuş dünýäde parahatçylygy berkitmekde, döwletleriň arasynda hyzmatdaşlygy giňeltmekde, halklaryň arasynda dost-doganlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmakda uly hyzmaty ýerine ýetirýän türkmen Bitaraplygy, bu ugurdan Milli Liderimiziň we hormatly Prezidentimiziň alyp barýan dünýä nusgalyk işleri hakynda giňden durlup geçilýär.

Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesi we parahatçylyk söýüjilige esaslanýan daşary syýasaty dünýäniň ähli döwletleri we halkara guramalary bilen deňhukukly, özara bähbitli hyzmatdaşlygy hemmetaraplaýyn ösdürmäge gönükdirilendir. Hormatly Prezidentimiz bular barada sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň 8-nji noýabrda geçen mejlisinde aýratyn belläp geçdi. Mejlisde bellenilişi ýaly, şu ýylyň geçen on aýynda döwlet Baştutanymyzyň öňde goýan wezipelerine laýyklykda Bitarap Türkmenistanyň daşary ýurtlar we halkara guramalary bilen ikitaraplaýyn hem-de köptaraplaýyn gatnaşyklary barha ýygjam häsiýete eýe boldy. Şeýle özara bähbitli, dünýä ähmiýetli gatnaşyklar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer, ylym-bilim ulgamlaryny giňden gurşap alýar. Şeýle gatnaşyklar bolsa ählumumy parahatçylyga we abadan ýaşaýşa hyzmat edýär.

Maksat ANNAÝEW,
Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň welaýat boýunça müdirliginiň uly gözegçisi, kapitan.