Nesil terbiýesi — bagtly geljegiň binýady

13 Noýabr 2024
353

Hormatly Prezidentimiziň paýhasly baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe çagalar barada uly alada edilýär. Olaryň bagtyýar ýaşamagy, oňat okamagy üçin amatly şert-mümkinçilikleriň döredilmegi netijesinde röwşen geljegimiz bolan çagalar döwrebap enjamlar bilen üpjün edilen, dünýä ülňülerine laýyk gelýän çagalar baglarynda, orta mekdeplerde bilim-terbiýe alýarlar. Ata Watanymyzda ýaş nesiller barada edilýän şeýle aladalar biziň her birimizi guwandyrýar, buýsandyrýar. Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň körpelere döwrebap bilim-terbiýe bermek baradaky wezipelerine, ýurdumyzda döredilýän ajaýyp mümkinçiliklere jogap edip, biziň çagalar bagymyzyň işgärleri hem çagalaryň döwrebap bilim we terbiýe almaklary, olaryň zehinlerini, ukyp-başarnyklaryny ösdürmekleri üçin yhlasly zähmet çekýärler. Terbiýeçilerimiz häzirki döwrüň talaplaryna laýyklykda, çagalara bilim-terbiýe bermekde innowasion tehnologiýalardan başarjaňlyk bilen peýdalanýarlar. Guraýan her bir sapaklarynyň täsirli bolmagy üçin aladalanýarlar. Çagalar bagymyzda körpeler bilen geçirilýän bäsleşikleriň, sport ýaryşlarynyň, köçe-ýol hereketiniň howpsuzlygy bilen baglanyşykly çäreleriň many-mazmunly bolmagy gazanylýar.

Ýurdumyzda ýaş nesilleriň ukyp-başarnyklaryny, döredijilik zehinlerini ýüze çykarmak we ösdürmek boýunça geçirilýän çäreler olaryň geljeginiň aýdyň, bagtyýar bolmagy ugrunda döwlet derejesinde edilýän tagallalaryň subutnamasydyr. Diňe bir çagalaryň däl, eýsem, mugallymlaryň, terbiýeçileriň we beýleki bilim işgärleriniň hünär ussatlyklaryny kämilleşdirmek maksady bilen geçirilýän dürli mazmunly çärelere çagalar bagymyzyň işgärleri we körpeleri işjeň gatnaşýarlar hem-de baýrakly orunlara mynasyp bolýarlar. «Berekella, pälwanlar» atly bäsleşikde körpelerimiz üstünlikli çykyş edip, etrap derejesinde birinji orny eýelemegi başardylar. «Körpe bilgirje», «Nowruz nagmalary», «Ýaşyl yşyk», «Iň gyzykly Täze ýyl şüweleňi» atly bäsleşiklerde ukyp-başarnykly, zehinli körpelerimiz etrap derejesinde ikinji, «Ejeme sowgat», «Altyn aşygym, alçy gop» bäsleşiklerinde bolsa üçünji orunlara mynasyp boldular. Ýurdumyzyň bilim ulgamyndaky özgertmeleri durmuşa geçirmekde öňdebaryjy iş usullaryny ýüze çykarmak maksady bilen, mekdebe çenli ýaşly çagalar edaralarynyň arasynda geçirilen «Iň gowy çagalar bagy — 2024» atly bäsleşiginiň welaýat tapgyrynda ikinji orna mynasyp bolmagymyz çagalar bagymyzyň agzybir işgärlerini täze üstünliklere ruhlandyrdy.

Bahar MÖLÄÝEWA,
Gyzylarbat etrabyndaky 7-nji çagalar bagynyň müdiri.