Pagtaçylaryň armasy ýetirilýär

30 Oktýabr 2024
284

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda gojaman Jeýhunyň sag kenaryny ýakalap oturan Hojambaz etrabynda hem «ak altynyň» bol hasyly ýetişdirildi. Sahawatly güýzüň häzirki günlerinde etrabyň daýhan birleşiklerinde ýetişdirilen pagta hasylyny çalt we ýitgisiz ýygnap almak ugrunda işler gyzgalaňly alnyp barylýar. Medeniýet işgärleri bolsa meýdan düşelgelerinde bolup, aýdym-sazly çykyşlary bilen daýhanlaryň armasyny ýetirýärler.

Golaýda etrap häkimliginiň we Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň etrap birleşmesiniň bilelikde guramaklarynda «Mekan» daýhan birleşiginiň 2-nji kärendeçiler toparynyň meýdan düşelgesinde günorta arakesme wagtynda pagtaçylar üçin medeni hyzmat guraldy. Iş arasynda aýdym-saz diňlemegiň lezzeti bir başga. «Mekanly» oba zähmetkeşleri hem şeýle şatlykly pursatlary başdan geçirdiler. Bu gün meýdan düşelgesinde etrap medeniýet merkeziniň döredijilik toparlary çykyş etdiler. Hususan-da, Atajan Ýazowyň, Çöli Bakyýewiň, Gurbangeldi Rahmedowyň, Saparguly Artykmyradowyň ýerine ýetiren hoş owazly aýdymlary diňleýjiler tarapyndan gyzgyn garşylanyldy. Olar öz aýdym-sazlary arkaly Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň taýsyz tagallalary netijesinde ýurdumyzda gazanylýan ajaýyp ýeňişleri, sahawatly güýz paslyny, Watan harmanynyň barha beýgelmegine önjeýli goşant goşýan pagtaçylaryň çekýän zähmetini belentden wasp etdiler. Şonuň ýaly-da «Şatlyk» tans hem-de «Nowruz» folklor toparlary hem şüweleňli çykyşlary bilen hasyl ussatlarynyň armasyny ýetirdiler. Aýdym-sazyň hoş owazy köňüllere şatlyk nuruny çaýdy.

Myrat BAGŞYÝEW.
Surata düşüren Merdan ORAZOW.