Sylaglaryňyz gutly bolsun!

1 Oktýabr 2024
360

Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 33 ýyllyk toýuny zähmet ýeňişleri bilen garşylap, bu baýramy uludan toýlan ildeşlerimiziň her biriniň ganatly kalplary buýsanç, nurana ýüzleri guwanç duýgularyndan doly. Ata Watanymyzyň ähli künjeklerinde uly dabara bilen bellenilen Garaşsyzlyk baýramy mynasybetli döredijilikli zähmet çekýän, öňdebaryjy watandaşlarymyzyň birtopary döwlet sylaglaryna, hormatly atlara, Şa serpaýlaryna mynasyp boldular. Bizem ýurdumyzyň oba hojalyk pudagyny ösdürmekde, döwrebaplaşdyrmakda hem-de kämilleşdirmekde bitiren hyzmatlary üçin şeýle hormat-sylaga eýe bolan ildeşlerimiziň ýürek buýsançlaryny okyjylarymyza ýetirýäris.

Muhammet MUHAMMEDOW,
Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň «Gäwers» daýhan birleşiginiň kärendeçisi, «Watana bolan söýgüsi üçin» medalynyň eýesi: