Uludan tutuldy toýy türkmeniň

1 Oktýabr 2024
349

Pederlerimiziň asyrlarboýy arzuwlan erkinligi, özbaşdaklygy milli Garaşsyzlygymyza eýe bolanymyzdan soň wysal tapdy. Garaşsyzlyk halkymyzy baky bagta, bagtyýar durmuşa ýetirdi. Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, şöhratly ata-babalarymyzyň ençeme asyrlyk arzuwyndan wysal bolan Garaşsyzlyk bu günki gün merdana halkymyzyň milli buýsanjyna öwrüldi. Bagtyýar halkymyz indi 33 ýyl bäri berkarar döwletde, ajaýyp zamanada Garaşsyzlygyň eşretleri bilen ýaşaýar, işleýär, döredýär, gurýar. Bedew batly ösüşlere eýe bolan eziz Diýarymyzda toýlar toýa ulaşyp, türkmen halky bagtyýarlygyň, berkararlygyň ýoly bilen öňe barýar.

Milli baýramçylyklary, şanly seneleri uly zähmet üstünlikleri bilen garşy almak, toýa sowgatly barmak asylly däpleriň biri bolup, halkymyzyň durmuşynda giňden orun aldy. Milli ykdysadyýetimiziň ösüş-özgerişlerine mynasyp goşant goşýan bagtyýar halkymyz bu gezekki baýramçylygy hem ýetilen belent sepgitler, uly zähmet üstünlikleri bilen garşylady.

Maýsa JUMAÝEWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň gulak, burun, bokurdak kafedrasynyň kliniki ordinatory.