Dünýä nusgalyk şäher

1 Oktýabr 2024
396

Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy we taýsyz tagallasy esasynda Köpetdagyň etegindäki taryhy künjekde binýat bolan, «Geljegiň şäheri», «Ýaşlaryň şäheri» diýlip ykrar edilen Arkadag şäheri halkymyzyň baky bagtyýarlygynyň, eşretli durmuşynyň aýdyň nyşanyna öwrüldi. Bu «akylly» şäher owadanlygy, döwrebaplygy, sanly ulgamyň mümkinçilikleri bilen Ýer ýüzünde uly gyzyklanma eýe bolup, şan-şöhraty barha dabaralanýar.

Şanly Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllyk baýramynyň bosagasynda hormatly Prezidentimiz «Arkadag şäherini 2024 — 2052-nji ýyllarda ösdürmegiň Konsepsiýasyny tassyklamak hakynda» Permana gol çekdi. Arkadag şäheriniň ähli ulgamlaryny sazlaşykly we durnukly ösdürmekde, ilatyň ýaşamagyna, zähmet çekmegine we dynç almagyna gönükdirilen amatlyklary yzygiderli üpjün etmekde, ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmakda resminama möhüm ähmiýet degişlidir.

Şazada AMANGELDIÝEW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyby.