(Dowamy. Başlangyjy žurnalymyzyň 2-nji sanynda).
Sungat adamy boljak bolsaň taryhy, halkyň geçmişini hökman biläýmeli. Gezmäge, görmäge, bilmäge höwesek Aman her gezek bir sebäp bilen Aşgabadyň bir künjüne gezelenje çykardy. Köşä barsa ýaşy asyrdan aşan çynarlary sypalap-sypalap görerdi. Şaglap akyp ýatan durnagöz suwa nazary düşse, «Beh, haýsy kärizden akyp gelýärkä?» diýip, içini geplederdi. «Öz ýurduň, ýaşaýan şäheriň taryhyny bilmek gyzykly. Topragyňa, Watanyňa dahylly geçmiş bilen içgin tanyşmak meger, uly zerurlykdyr». Onuň ýüreginde şeýle pikir şineläpdi.