Belli döredijilik adamlarynyň durmuşy köpleri gyzyklandyrýar. Maňa-da tomaşaçylaryň söýgüsini gazanmagy başaran belli aktýor we režissýor Baba Annanow bilen goňşy ýaşamak miýesser etdi. Goňşularyň arasynda-da her hilisi bolýar: käsi dymma, käsi gyňyrrak, käsi-de alçak. Babanyň ýaşy menden ulurak bolsa-da, biziň jynymyz jyňkyryşýardy. Onuň öýi köplenç myhmanlydy, gelýän myhmanlaryň köpüsi-de döredijilik adamlarydy. Şeýle ýagdaýda ol: «Sen myhmanlar bilen gowy dil tapyşýaň» diýip, meni köplenç çagyrardy.
1980-nji ýyllaryň ahyrynda men ony ýaşlygymyň ýakymly günlerini özünde saklaýan Darganata etrabynyň Çarwadar obasyna myhmançylyga alyp gitdim. Güýzüň ilkinji aýynda «Niredesiň Çarwadar» diýip, ýola düşdük. Baba bilen ilki Gazojagyň «Gazçykaryş» birleşiginde işläp ýören inim Amangeldiniň öýünde myhman bolduk. Amangeldiniň diňe özi däl, goňşy-golam, dost-ýar, edara işgärleri sag bolsunlar, gadyr baryny etdiler. Babanyňam baran ýeri alaýaz. Tanamaýan ýok. Her kim onuň bilen gürleşjek. Asyl, meniň bilen kän işlerem ýok. Lebap şäherçesiniň golaýynda Amyderýanyň üstünden geçýän asma köprä baryp gördük, «Düýeboýun» suw howdanyna gezelenç etdik, garaz, obadaşlarym yhlas etdiler. Baba hyzmat etjek bolup, obadaşlarym söwüş edip, bagşy çagyryp, suw howdanyň her dürli balygyndan dürli-dümen tagam taýynlap, gezekli-gezegine çakylyk boldy durdy.