Ylym we innowasion işjeňlik

2 Iýul 2024
1197

Türkmenistan beýik özgertmeler ýoly bilen öňe ynamly ädim ädip, çalt depginde ösýän döwletleriň hataryna goşulýar. Ýurdumyzyň ykdysady syýasaty erkin ykdysadyýeti, bazaryň we döwlet kadalaşdyrmasynyň düzümleriniň sazlaşygyny, oba hojalygynyň, senagatyň döwrebaplaşdyrylmagyny, dünýä bazarlarynda bäsdeşlige ukyply önümleri öndürýän ýokary tehnologiýaly pudaklaryň ösdürilmegini maksat edinýär. Şunuň bilen birlikde, intellektual ulgama — bilime, ylma, maglumat-kommunikasiýa tehnologiýalarynyň ornaşdyrylmagyna uly möçberde maýa goýum serişdeleri gönükdirilýär.

Ýurdumyzyň ykdysady howpsuzlygyny üpjün etmegiň maksatnamalaýyn çäreleri birnäçe ugurlary öz içine alýar. Olara ykdysadyýetiň diwersifikasiýalaşdyrylmagy, innowasion ykdysadyýetiň kemala getirilmegi, senagatlaşdyrma syýasaty, maliýe durnuklylygy, işjeň maýa goýum syýasaty, durmuş maksatnamalaryny amala aşyrmak arkaly, milletiň intellektual mümkinçiliklerini netijeli peýdalanmak ýaly ugurlar degişlidir. Agzalan strategik ugurlar esasynda innowasion ykdysadyýetiň döredilmegi bilen baglanyşykly maksatnamalaýyn çäreler milli ykdysadyýetimiziň durnukly ösüşini üpjün etmäge gönükdirilendir. Hormatly Prezidentimiziň ylym we bilim ulgamyndaky döwlet syýasatyny durmuşa geçirmegi üpjün etmek, ylmy işgärleri taýýarlamak, düýpli hem-de ylmy-amaly barlaglary geçirmek, halkara hyzmatdaşlygy işjeň alyp barmak ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň esasy wezipeleriniň hatarynda durýar. Munuň özi her bir ýokary bilim edarasyndan ylym babatda işjeňligi artdyrmagy talap edýär. Diýarymyzda ulag, ýaşaýyş jaý-jemagat ulgamlary üçin ýokary derejeli inžener-tehnologlary taýýarlaýan Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynda hem ylmy işleriň ýola goýluşy ýokarda agzalan wezipelerden ugur alýar.

Gulmet PENAÝEW,
Türkmenistanyň Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynyň ylmy işler boýunça prorektory, ykdysady ylymlaryň kandidaty.