Rowaçlygyň sakasy

26 Iýun 2024
1012

Ýurdumyzyň ylym-bilim ulgamyny dünýä derejesinde ösdürmäge Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe aýratyn uly üns berilýär. Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda ylym-bilimi kämilleşdirmekde, ähli ulgamlara ylmyň täze gazananlaryny, sanly ulgamy ornaşdyrmakda, ýurdumyzyň ylmy kuwwatyny ýokarlandyrmakda ýetilýän belent sepgitler Watanymyzyň kuwwatynyň has-da pugtalanmagynda uly ähmiýete eýedir. «Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 — 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda» hem türkmen ylmyny ähli taraplaýyn ösdürmegiň ugurlarynyň beýan edilýändigini bellemek gerek.

Arkadagly Gahryman Serdarymyz: «Dünýäniň ylmy-tehniki gazananlaryny durmuşymyza ornaşdyryp, döredijilikli oýlap tapyşlary bilen tapawutlanýan ýokary derejeli ýaş hünärmenleri taýýarlamaga, zehinli ýaşlaryň ylma bolan höwesini artdyrmaga gönükdirilen giň gerimli çäreleri amala aşyrýarys. Çünki ýaşaýşy gözelleşdirmek üçin köpçülige peýdaly täze zatlary oýlap tapmak — bu türkmen halkynyň gadymdan gelýän ýol-ýörelgesidir» diýip belleýär. Ine, döwletimiz tarapyndan amala aşyrylýan şeýle giň gerimli çärelerem ýaş nesliň barha kämilleşmegini üpjün edýär. Ýaşlarymyzyň döwrebap hünärleri ele almagyna, nazary bilimlerini kämilleşdirmegine, sanly tehnologiýalary özleşdirmegine, täze ylmy taglymatlary we tehnologik tejribeleri öwrenmegine ýardam bermek maksady bilen alnyp barylýan işleriň oňyn netijeleri berýändigi bolsa hemmämizi guwandyrýar.

Mekan TÄJIÝEW,
Etrek etrabynyň prokuraturasynyň tälim alyjy sülçüsi.