Alymyň halypalyk mekdebi

7 Maý 2024
1218

Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Diýarymyzyň täsin tebigatynyň köpöwüşginliligini we gözelligini gorap saklamak, ony geljekki nesillere tebigy durkunda we has baýlaşdyryp, miras goýmak barada uly tagallalar edilýär. Häzirki ajaýyp döwrümizde ekologiýa meselelerine uly üns berilýär. Şol ugurda birnäçe işleri alyp baran kinologiýa ylmyndan hem uly işleri bitiren Türkmenistanyň bilimde at gazanan işgäri, belli alym, mugallymlaryň, hünärmenleriň, talyp ýaşlaryň hormatly halypasy, bütin manyly ömrüni mukaddes ata Watana, ylym-bilime bagyş eden zoolog-ornitolog, kinolog we ekolog, alym Öwez Sopyýewdir. Alym mugallym Öwez Sopyýewiň ylmy işleriniň netijeleri ýörite monografiýalarda, ylmy maglumatnamalarda, dissertasiýa işlerinde, ensiklopediýalarda, okuw kitaplarynda, şeýle hem tebigaty goramak boýunça başlangyçlary teleýaýlymlarda taýýarlanylýan gepleşiklerde, kitaplarda giňden ulanylýar. Alym mugallymyň maslahaty bilen Türkmenistanyň tebigaty we haýwanat dünýäsi hakynda gürrüň berýän gysga söhbetli kinofilmler döredilendir. Onuň ylmy ýolbaşçylygynda hünärmenleriň ençemesi kandidatlyk dissertasiýasyny goradylar. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmen alabaýy» atly kitabynda: «Milli kinologiýamyzyň ösüşinde uly işleri durmuşa geçiren belli alym, ornitolog Öwez Sopyýewiň we ýurdumyzyň tebigatyny goramakda, oba hojalygyny ösdürmekde uly goşant goşýan beýleki alymlaryň zähmetine biz örän ýokary baha berýäris» diýlip bellenilýär.

Öwez Sopyýewiň durmuş ýoly barada belläp geçsek, ol Mary etrabynyň Egrigüzer obasynda (häzirki Aşgabat daýhan birleşigi) 1935-nji ýylyň 17-nji oktýabrynda eneden doguldy. Ol türkmen halky üçin kynçylykly şol agyr ýyllarda (1942 — 1949 ý.) ilki öz obasyndaky 7 ýyllyk mekdepde okap, soňra Mary şäherindäki, şol döwürde meşhur bolan 6-njy orta mekdep-internatyny ýokary bahalar bilen üstünlikli tamamlap, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň biologiýa fakultetine okuwa girýär. Ýokary okuw mekdebini tamamlandan soňra S.A. Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde uzak ýyllaryň dowamynda tutanýerli we döredijilikli zähmet çekip, abraýly we manyly zähmet ýoluny geçdi. Öwez Sopyýew üznüksiz iş tejribesi döwründe kärdeşler arkalaşyklarynyň ýerli guramasynyň başlygy, dekan, pudaklaýyn ylym-barlaghanasynyň müdiri, kafedra müdiri, Türkmenistanyň tebigaty goramak jemgyýetiniň başlygynyň orunbasary, Ornitologiýa boýunça Türkmenistan jemgyýetiniň başlygy, soňra şol guramanyň Merkezi geňeşiniň agzasy, TEMPUS maksatnamasynyň taslamasynyň Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti we S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersiteti boýunça utgaşdyryjysy ýaly wezipelerde işledi. Öwez Sopyýew nesilleri terbiýelemekde bitiren görnükli hyzmatlary üçin «Türkmenistanyň bilimde at gazanan işgäri», «Türkmenistanyň ussat mugallymy» diýen hormatly atlara mynasyp boldy. Alym mugallym biologiýa dersi boýunça milli we halkara olimpiadalary geçirmekde hem tejribeli guramaçy hökmünde tanalýar. Ol ençeme ýyllaryň dowamynda S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň binýadynda biologiýa dersi boýunça GDA döwletleriň oba hojalyk ugurly ýokary okuw mekdepleriniň arasynda halkara olimpiadalaryny taýýarlamak we geçirmek işlerine ýolbaşçylyk etdi. Şol olimpiadalarda milli okuw mekdebi hemişe baýrakly orunlara eýe boldy. Uniwersitetdäki zoologiýa muzeýiniň-de halypanyň ýakyndan goldaw bermegi bilen döredilendigini onuň kärdeşleri, şägirtleri buýsanç bilen gürrüň berýärler. Meşhur alym Türkmenistanda guşlaryň seýrek duş gelýän gymmatly görnüşlerine, şeýle hem zäherli ýylanlary emeli (erkin bolmadyk) şertlerde saklamak we köpeltmek boýunça tehnologiýany öwrenmek işiniň-de başyny başlanlaryň biridir. Onuň Köýtendag we Merkezi Köpetdag dag gerişleriniň haýwanat dünýäsi boýunça ylmy barlaglarynyň netijeleri özboluşlylygy we gymmatlygy bilen dünýä ylmynda mynasyp orny eýeleýär.

Merdan NURYÝEW,
Aşgabat energetika orta hünär okuw mekdebiniň mugallymy.