Beýik sütün

21 Fewral 2024
1408

Eger ol ene bolsa, onda jennet onuň dabanynyň astyndadyr. Eger ol gyz perzent bolsa, ol ene-atasy üçin jennetiň gapysyny açjakdyr. Eger ol maşgalaň bolsa, ol ýoldaşynyň derejesini asylzadalaryň deňine çenli beýgeltjek zenandyr.

Zenanlara beýle güýji geçmişde ýaşap geçen pygamberler, asyrlaryň synagynda taplanan mertebeli ulamalarymyz wada edendir. Zenanyň özboluşly dünýäsi bar. Ol dünýäniň gözelligi, täsinligi barada ýazylmadyk zatlardan ýazylan zatlar köpdür diýsem, öte geçmerin. Ýazyjy-şahyrlar, heýkeltaraşlar, nakgaşlar iň gowy eserlerini enelere bagyşlapdyrlar. Beýik eserleri beýik şahsyýetler döredýär. Ene barada ýazylan ajaýyp şygyrlar, onuň keşbini ussatlarça çekip, dünýäniň sungat eserleriniň altyn hazynasyna girizmegi başaran nakgaşlar, ene hakyndaky döredilen şirin aýdymlar, asyrlar geçse-de, öz gymmatyny ýitirmän, enäniň mertebesini äleme ýaýýar.

Ogulgözel ŞAGULYÝEWA,
«Zenan kalby».