Ýylyň aşpez zenany

28 Dekabr 2023
2115

«Täze ýyl diýlende, ilki bilen, kim göz öňüňize gelýär?» diýlip berlen sowala her kimden her dürli jogap eşitse bolar. Bir çaga: «Aýazbaba» diýse, beýleki biri: «Enemler ýa mamamlar, sebäbi biz Täze ýylda maşgala bolup enemlere ýa mamamlara gidýäris» diýer. Uly adamlardan sorasak, belki-de köpüsi: «Sowgada garaşýan çagalar» diýip, jogap bermekleri mümkin. Meniň welin, Täze ýyl diýlende, aşhanada başagaý bolup ýören öý bikesi, has dogrusy, ejem göz öňüme gelýär. Aslynda-da, Täze ýyl diýlende, ilki bilen, zenan maşgala göz öňümize geläýjek ýaly. Sebäbi bu ajaýyp baýramçylyga çaga ýaly begenýänem, öýüň ähli ýerini — Täze ýyl arçasyndan başlap, saçagyna çenli bezeýänem, şol bir wagtda özünem bezemegi unutmaýan zenanlardyr. Şonuň üçin biz hem Täze ýylyň öňüsyrasynda okyjylary dünýäniň 50-ä golaý restoran eýeleriniň arasynda «2023-nji ýylyň iň ökde aşpez zenany» diýen hormatly ada we sylaga mynasyp bolan Ýelena Reýgadas bilen tanyş etmek isleýäris.