Mandarin granaty ýa-da serkerdeleriň daşy

28 Dekabr 2023
1656

Spessartin ýa-da mandarin granaty seýrekligi üçin aýratyn gymmatly eksklýuziw şaý-sep bezegleriniň dizaýnynda ulanylýar.

Spessartin daşyny dakynmak ýoňy XIX asyryň ortalarynda wandom zergärleri tarapyndan başlandy (bu Pariždäki şol bir meýdanyň töwereginde jemlenen meşhur fransuz zergärçilik öýlerine berlen at). Hemişe täzeçilligiň, üýtgeşikligiň gözlegindäki dizaýner zergärleri bu daşyň ajaýyp reňki, şol wagtda hem, meşhur ýakut daşyna meňzeşligi özüne çekýär. Daşyň özi öňden bäri bar bolsa-da, ol şu ady bilen 1820-nji ýyllarda belli bolýar. Daş XVIII asyryň ahyrynda Germaniýadaky Şpessart platosynda (Bawariýa) tapyldy. Ýeri gelende aýtsak, mineral spessartin ýa-da spessartit ady bilen tanalýar. Ýöne zergärler «mandarin granaty» diýip, bu mineralyň üçünji adyny tutýarlar.

Taýýarlan Sähragül GAJYMOWA,
«Zenan kalby».