Zeliliniň çowlugynyň gürrüňi

20 Dekabr 2023
1997

Balkan welaýatynyň Magtymguly etrabynda ýaşaýan Maýagözel Annaberdiýewa Gurbandurdy Zeliliniň üçünji arkasy — çowlugy bolup, ol şahyryň ýalňyz ogly Mämmetdöwlet ahunyň dört oglunyň biri bolan Jumadöwletiň gyzy. Mämmetdöwlet ilki Mama atly gyza öýlenýär, ol aradan çykandan soň, Hallybibi atly gyz bilen durmuş gurýar. Hallybibi eje tegelek ýüz ýaşap (1864 — 1964 ýý.) dünýeden gaýdypdyr. Maýagözel gelneje öz enesiniň örän ýatkeş bolandygyny, nebereleri barada bilýän gürrüňleriniň köpüsini şondan eşidendigini, tä Aşgabada okuwa gaýdýança enesi bilen bir öýde ýaşap, onuň edep-terbiýesini alandygyny aýdýar.

Mämmetdöwletiň Jumadöwletden başga-da, Gurbandurdy (Zeliliniň ady, onuň ady il içinde Ata diýlip tutulypdyr), Annadurdy, Baýramdurdy atly ogullary bolupdyr. Uly ogly Ata örän görmegeý hem berdaşly ýigit eken, ýöne onuň ömri gysga bolupdyr. Ol 30 ýaşynyň içinde agyr keselläp ýogalypdyr. Mämmetdöwletem öz döwrüniň sowatly adamlarynyň biri bolupdyr. Ol obalaryndaky medresede sowadyny çykandan soň, Hywa medresesinde okap, ahunlyk derejesini alýar. Dolanyp gelenden soň, köp ýyllaryň dowamynda oba medresesinde çagalara sapak beripdir. Ol obada iň sylanýan adamlaryň biri bolupdyr. Adamlar islendik meselede, ilki bilen, oba kethudasy bolan Mämmetdöwlet ahun bilen maslahatlaşypdyrlar.

Halmuhammet HAJYÝEW,
Türkmenbaşy şäherinden, mirasy öwreniji.