Bar, gyzym, eýwana sübse çalyp goýber...

6 Dekabr 2023
1484

Hemişe ir säher bilen obadan şähere işe diýip gidenimde birhili ýüregim giňäp-giňäp gidýär. Gijesini-gündiz edip, şäheriň arassalygyny esasy maksady hasaplaýan elleri sübseli gyz-gelinlerimizi göreňde müň keren sagbolsun aýdýarsyň. Ýollarda, çatryklarda-da, köçäniň gyralarynda-da bir hapa çöp-çalam, hatda kagyz böleginem görmersiň.

Ýeke-ýekeden ýygnalyp, başlary bir bogdak boglan güle meňzäp oturan sübsäni agzybirligiň nyşany hasaplamagymyň sebäbi bar. Ol ýeke-ýekeden düzülip, bir däl-de, birnäçe işi bitirýär. Hapyr-hupury, gerekmejek zatlary aýryp, arassalaýar.